Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň şu ýyldaky jemleýji mejlisinde gelýän ýyl üçin öz çakalamalaryny aýtdy.
TDH döwlet habar gullugynyň döwlet baştutanyna salgylanyp ýazmagyna görä, “2018-nji ýyl It ýyly, biz üçin bolsa Wepaly alabaý ýyly bolar.
Ýyldyz hasapçylar iti parasatly, adalatly, üşükli jandar hasap edýärler.Onuň wepalydygyny, oňşuklydygyny belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutany ýetip gelýän ýylyň geçen ýyla garanyňda has durnukly hem-de sazlaşykly boljakdygy barada pikirini aýtdy.
Itiň ynsana örän wepaly we mähirli bolýandygyny biz bilýäris.Ol hemişe kömege taýýar.Kömege mätäçleri goraýar, garşydaşlary ýaraşdyrýar.Başa betbagtçylyk düşende güýçli duşmana berk garşy durýar, päliýamanlar, işýakmazlar, kezzaplar bilen haklaşýar.
Mundanam başga, it örän birahat jandar. Şu sebäpden ol bütin ýylyň dowamynda asuda durmuşymyzyň goragynda durýar. Özi-de hemişe adalatyň tarapynda, eýesine hiç haçan ikilik etmeýär. Şoňa görä-de, biz it ýylynda ähli zatlaryň göwnejaý, talabalaýyk we adalatly boljakdygyna bil baglap bileris.
It ýagdaýyň üýtgäp durmagyny halamaýan hem bolsa, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy oňa ýaraýar diýip, döwlet baştutany belledi.
Şunuň ýaly astrologiki çaklamalar täze ýylyň düşümli bolmagyna umyt döredýär. Sebäbi, it ýyly erjel we jepakeş adamlara üstünlik getirýär. Sylag-hormat, ýokary mertebe, döwletlilik we bagtyýarlyk olaryň hemrasy bolýar. It biziň ruhubelent, göwnaçyk, şadyýan bolmagymyza ýardam berýär. Ak göwünli, hoşniýetli jandar şöhrata kowalaşmaýar.
Indiki ýyl dostluk we dogruçyllyk rowaçlanar.Hatda bäsdeşlerimiz bilen alyp barýan gatnaşyklarymyzda hem biz yza tesmän, öňden gelýän kada-kanunlarymyza ygrarly bolmalydyrys.Sebäbi, it ýylynda hiç kim bizi aldap ýa-da ýalňyşdyryp bilmez.
Täze ýylda islendik işiň başyna barlanda, oňa döredijilikli çemeleşmeli.Nesip bolsa, it ýylynda biziň ähli ýollarymyz açyk bolar.Bu ýyl görlüp-eşidilmedik açyşlar ediler, ägirt uly taslamalar amala aşyrylar.
Zähmetsöýer we işjeň adam öz göwnüne laýyk iş bilen meşgullanar.Onuň işleri ugruna bolar”.