Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji iýunda wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi, gol astyndaky edaralaryň we kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadanlygy üçin, goýberilen kemçilikleri gysga wagt içinde düzetmek barada berlen soňky duýduryş bilen, oba hem-de suw hojalygy ministri Nursähet Sapardurdyýewe berk käýinç yglan etdi.
Prezident ekerançylyk pudagyna ugurtapyjy daýhanlary we hususy telekeçiligiň wekillerini işjeň çekmegi hem-de ýurduň bazarlaryny azyk bolçulygy bilen üpjün etmegi buýurdy.