Prezident Ärdogan Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp ÄRDOGANY Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga, türkmen we türk halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 8-nji oktýabry.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesini Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal bilen sylaglady
9-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen halkynyň Milli Lideri we türk Lideri telefonda söhbetdeş boldy
Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy