Premýer-ministriň wezipesini eýelär

22-nji ýanwarda Täze Zelandiýanyň bilim we döwlet hyzmatlary ministri Kris Hipkins dolandyryjy Zähmet partiýasynyň täze lideri wezipesine saýlandy. Ol Jasinda Ardern wezipesinden çekilenden soň, Premýer-ministr hökmünde ýurdy dolandyrar. Bu barada “The New Zealand Herald”-yň ýerli neşiri habar berdi.

Kris Hipkins Zähmet partiýasynyň täze lideri wezipesine saýlanandan soň, Ardern işinden çekilendigi barada general gubernatora habar berer we ýurduň täze 41-nji Premýer-ministri kasam kabul eder. Ministrler Kabinetiniň täze hökümet başlygynyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji maslahaty 25-nji ýanwarda geçiriler.

Golaýda Hipkins žurnalistler bilen söhbetdeşlikde – Premýer-ministr bolup işe başlamak mümkinçiligine sabyrsyzlyk we ruhubelentlik bilen garaşýaryn. Bu ullakan artykmaçlyk we ägirt uly jogapkärçilik diýip belledi.

44 ýaşly Kris Hipkins 2017-nji ýyldan bäri Täze Zelandiýanyň dolandyryjy Zähmet partiýasynyň möhüm şahsyýetlerinden biri. Ol ýerli parlamentde bilim ministri, döwlet gullugy ministri we wekiller palatasynyň ýolbaşçysy bolup işledi.

Täze Zelandiýanyň hökümet başlygy Jasinda Ardern 7-nji fewraldan gijä galman işinden çekiljekdigini mälim etdi. 42 ýaşly Ardern 2017-nji ýylda Täze Zelandiýanyň Premýer-ministri wezipesine girişip, ýurduň taryhynda iň ýaş Premýer-ministrleriň biri (işe girişeninde 38 ýaşyndady) we bu wezipäni eýelän üçünji zenan boldy.

Täze Zelandiýanyň “One News” teleýaýlymy hem-de “Colmar Brunton” kompaniýasy tarapyndan 2020-nji ýylyň maý aýynda geçirilen pikir soralyşyklara görä, Ardern Täze Zelandiýanyň taryhynda iň meşhur Premýer-ministr boldy, soraga gatnaşanlaryň 59,5% -i onuň işini goldadylar.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda ylgaw ýaryşynyň ýeňijilerine medal ýerine sygyr we towuk gowşuryldy
Teksti sese öwürýän programma
Hytaýly lotereýada 30 million dollar utandygyny maşgalasyndan gizleýär
Türkmentel—2022: OneWeb 2023-nji ýylda 648 hemrasynyň ählisini orbita çykarar
Katar 2022 Dünýä Kubogyny haýsy teleýaýlymlar görkezer?
Dünýäniň iň inçe gökdiräni
Geýmerleriň Gitleri näçe gezek ýok edendigi hasaplandy