“Premier Liganyň” taryhynda 2-nji gezek

Angliýanyň milli çempionaty “Premier Liga” şu gün badalga alar. 38 tapgyrdan ybarat boljak çempionatyň täze klublary “Fulham”, “Bornmut” hem-de “Nottingam Forest” toparlarydyr. “Championship”-iň çempiony “Fulham” 1, “Bornmut” 2, hem-de pleý-offlarda ýeňiş gazanan “Nottingam Forest 23 ýyldan soň “Premier Liga” dolandy.

Transfer möwsüminde 12 futbolçyny düzümine goşan “Nottingam Forest” topary “Premier Liga” döwründe iň uzak wagtlap dolanyp bilmedik klub hökmünde hasaba alyndy. “Fulhamyň” gelmeginden soň “Premier Ligadaky” London klublarynyň sany 7-ä ýetdi. “Premier Ligada” 1994/95 möwsüminden soň 2-nji gezek bir möwsümde Londonyň 7 kluby çykyş eder.

Aslynda “Watford” topary-da edil şäheriň özüne degişli bolman, Uly London sebitini alanyňda onda geçen möwsümde-de Londonyň 7 kluby çykyş edipdi.Umumylykda şäheriň gönümel özüniň 7 kluby 2-nji gezek bir möwsümde çykyş eder.

Olar “Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”, “Kristal Palas”, “Fulham”, “Brentford” toparlarydyr. “Bläkbörn Rowers” toparynyň çempionlygy bilen tamamlanan 1994/95 möwsüminde “Brentford” bilen “Fulhama” derek “Wimbledon” bilen “Kuins Park Reýnjers” toparlary çykyş edipdi.

Şeýle-de, şu wagta çenli “Premier Ligada” paýtagt Londonyň umumylykda 10 kluby çykyş etdi.Ady agzalan 7 klubdan başga-da dürli ýyllarda paýtagt şäheriň adyndan “Çarlton Atletik”, “Wimbledon”, “Kuins Park Reýnjers” ýaly klublar hem “Premier Ligada” oýnady.

Umumylykda Londonda 17 professional futbol kluby bolup, häzirki wagtda olaryň 7-si “Premier Ligada”, 6-sy 234-nji ligalarda, 4-si aşaky ligalarda oýnaýar. 1992-nji ýylda “Premier Liga” adyny alan çempionatda şu wagta çenli jemi 50 klub çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun
Ozalky meşhur futbolçy tälimçilik wezipesinden boşadyldy
Futbol bilen hoşlaşan ýyldyzlar
Lukman karýerasyny “Serie A”-da dowam eder
“Bawariýa” londonlylaryň 2 futbolçysyny 116 million ýewro transfer etdi
Ahyry ilkinji goluny geçirdi