Premier Liganyň 50-nji topary Brentford

Dünýäniň iň öňdebaryjy futbol çempionaty hasaplanýan Angliýanyň Premier Ligasynyň täze topary Brentford klubudyr. 131 ýyllyk taryhynda 2-nji gezek ýokary liga çykan London şäheriniň wekili mundan öň 1934/35 möwsüminde Ikinji liganyň çempiony bolýar we Birinji liga (häzirki Premier Liga) çykýar. 1889-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda esaslandyrylan toparyň şu wagta çenli gazanan iň uly başarnygy-da Ikinji liganyň çempionlygydyr.

Irki ýyllarda London ligasynda-da çykyş eden klub köp ýyllaryny 3-nji we 4-nji ligalarda geçirýär.London şäheriniň günbatarynyň topary bolan Brentford öz ýerli duşuşyklaryny 17 250 orunlyk Brentford Community stadionynda oýnaýar.

Premier Ligadaky toparlaryň arasyndaky iň az tomaşaçyly stadion bolmagy-da klubuň taryhy barada bize ýeterlik maglumat berýär.

2014/15 möwsüminde 2-nji liga, ýagny Championship-e çykan Brentford topary soňky iki möwsümde 3-nji ýeri eýeläp, pleý-off tapgyrynda çykyş edýär. 2020/21 möwsüminde Fulhamdan asgyn gelen Brentford bu gezek Swansi Siti bilen duşuşýar.

Pleý-offuň finalynda ilkinji 20 minutda Toni we Markondesiň geçiren gollary bilen garşydaşyny 2-0 ýeňen Brentford 73 ýyldan soň futbolyň watanynyň iň uly ligasyna dolanýar.Brentford taryhynda ilkinji gezek Premier Ligada çykyş edýär.

Premier Ligada çykyş edýän 50-nji klub hökmünde hasaba alnan Brentford muny başaran 9-njy London toparydyr.

DANIÝALYLARYŇ GOŞANDY ULY

Arylar (The Bees) lakamly toparyň Premier Liga çykmagynda daniýaly tälimçi Tomas Frankyň tagallasy uludyr. 2016-njy ýylda kömekçi tälimçi bolup işe başlan Frank 2018-nji ýylyň oktýabrynda baş tälimçilige bellenilýär. Onuň tälimçiliginde ilkinji möwsüminde 11-nji, soňky 2 möwsümde-de 3-nji ýeri eýelän Brentford ahyry Premier Liga çykyp, 180 million funt sterlinglik pul baýragyny gazanýar.

Toparyň Premier Liga çykmagynda daniýaly tälimçi bilen bir hatarda, daniýaly futbolçylaryň hem goşandy uludyr.Matias Ýensen, Kristian Norgor, Henrik Dalsgor, Emiliano Markondes, Mads Beh Sorensen, Mads Roerslew Rasmussen, Mads Bidstrup hem-de Luka Raçiç dagy, jemi 8 daniýaly futbolçy toparyň Premier Liganyň wekili bolmagynda esasy roly oýnaýar.

Toparyň düzüminde häzirki wagtda 31 futbolçy bolup, olaryň 25-si daşary ýurtly futbolçylardyr. Şolardan 6-sy daniýaly, 4-si ispaniýaly, 2-si şwesiýaly bolup, Pontuss Ýansson (Şwesiýa) toparyň kapitany bolup çykyş edýär.

Topara daniýalylaryň goşandy diňe tälimçi ýa-da futbolçy lar tarapyndan bolmak bilen çäklenmeýär.Toparyň eýesi, millioner Mattýuw Benam şol bir wagtyň özünde Daniýanyň soňky ýyllarda şowly netijeler gazanýan Midtýullan toparynyň hem eýesidir.

Midtýullan toparynyň ýolbaşçylaryndan angliýaly Kliff Krown şol bir wagtyň özünde Brentford toparynyň ýolbaşçysy wezipesinde hem işleýär.Düzümindäki oýunçylaryň transfer gymmaty 164 million ýewro deň bolan Brentfordyň Londondaky iň esasy bäsdeşleri, has takygy, iň ýakyn derbi bäsdeşleri Kuins Park Reýnjers bilen Fulham toparlarydyr.

Topar Premier Ligadaky 73 ýyldan soňky ilkinji duşuşygynda Arsenaly Serhi Kanos we Kristian Norgoryň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňip, möwsüme ýeňişli başlaýar. Duşuşykda tapawutlanan ispaniýaly Kanos toparyň ilkinji goluny geçirip, adyny taryha altyn harplar bilen ýazdyrýar. Ligada galmak üçin göreş alyp barjak toparlaryň hatarynda görkezilýän klubuň çempionatyň ymykly wekilleriniň biri boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny wagt görkezer.

Gazetiň sport synçysy.

Ýene degişli makalalar

“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun
“Galatasaraý” 2 oýunçyny transfer etdi
Klubuň rekordyny goýdy
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
“Premier Liganyň” taryhynda 2-nji gezek
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça