“Premier Ligada” iň köp çykyş eden futbolçy 11-nji liganyň wekili bilen şertnama baglaşdy

Angliýanyň “Premier Ligasynyň iň köp duşuşyk geçiren futbolçysy Garet Berri 43 ýaşynda täzeden futbola dolandy.Ol 2020-nji ýylda karýerasyny tamamlapdy. “Aston Willa”, “Mançester Siti”, “Ewerton” hem-de “West Bromwiç” toparlarynda oýnan Berri 11-nji liganyň wekili “Hörstpirpoint” topary bilen şertnama baglaşdy. “Hörstpirpoint” topary Merkezi Sassiks ligasynyň 2-nji diwizionynda, ýagny Angliýanyň 11-nji ligasynda çykyş edýär.

Berri APL-de 653 duşuşykda meýdança çykyp, bu ugurda rekordyň eýesidir.Berri Angliýanyň ýygyndysynda-da 53 duşuşyk geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Stiwen Jerrard Al-Ittifakyň baş täimçisi boldy
Çelsi ýene-de ýeňildi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Arsenal birinjiligi elden bermedi
APL: Nýukasl ikinji orna geçdi
Çelsi Enso Fernandesi düzümine goşdy