Pravda Boxing: Gurbanow ― Seliwerstow tutluşygy haçan başlanýar?

Pravda Boxing: Gurbanow ― Seliwerstow tutluşygy haçan başlanýar?

Şu gün, 22-nji dekabr agşamynda Moskwa şäherindäki Lužnik halkara boks merkezinde Pravda Boxing promouşeniniň nobatdaky tutluşyk agşamy geçiriler.

Agşamyň esasy tutluşygy russiýaly boksçy Şamil Hataýew bilen tanzaniýaly Piusa Mpendynyň arasynda geçiriler.

Agşamyň deslapky kardyna türkmenistanly türgen Ýunus Gurbanow hem gatnaşýar. Ol russiýaly Sergeý Seliwerstow bilen tutluşar. Tutluşyk 4 döw dowam eder.

Agşama göni ýaýlymda Pravda Boxing-iň YouTube-däki kanalyndan tomaşa edip bolar. Şeýle hem tutluşyk promouşeniň Wkontakte jemgyýetçilik torundaky sahypasynda-da görkeziler. Russiýanyň Matç Boýes teleýaýlymy bolsa tutluşyklaryň gaýtalamasyny görkezer. Agşamyň tutluşyklarynyň Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanmagyna garaşylýar.

Ýunus Gurbanow Pravda Boxing bilen şu ýylyň awgust aýynda şertnama baglaşdy. Promouşendäki ilkinji tutluşygynda ol Dmitriý Andreýewden üstün çykdy.

Ýene degişli makalalar

'IMO-da işlemeýär'. Türkmenistanda internete girmek kynçylygy dowam edýär
Lýudwig wan Bethowen: çäksiz zehinden dörän sazlar
Lýudwig wan Bethowen: çäksiz zehinden dörän sazlar
Moskwa Gazagystanyň kömegi bilen sanksiýalardan sowulmak isleýärmi? Merkezi Aziýa Russiýadan ýüz öwürýärmi?
Oba ýaşaýjylary Altyn Asyrdan’ peýdalanmak üçin etrap merkezine gitmeli bolýarlar
Türkmen TW-sinde pornografiýa, erotika gadagan edildi