Italiýanyň Prada brendi täze güýz toplumynyň çykmagy bagly adaty bolmadyk mahabat taslamasyny durmuşa geçirdi. Oňa laýyklykda meşhur binalaryň käbiri bu brendiň bezegleri bilen bezeler.
Taslama Milanda eýýäm başlandy we Florensiýa, Rim, Pariž, London, Nýu-Ýork, Şanhaý we Tokio şäherlerine çenli uzalar.
Mundan başga-da, Prada Ýewropada, ABŞ-da we Aziýada saýlanan çörek we azyk bazarlaryna çörek, miwe we gök önümler üçin markaly kagyz haltalary berer diýip, buro247.com habar berdi.