Powetkiniň 33 ýeňşi

Russiýaly boksçy, agyr agramyň ussady, Olimpiýa çempiony Aleksandr Powetkin özüniň nobatdaky tutluşygyny rumyniýaly Kristian Hammer bilen geçirdi. Ýekaterinburg şäherinde geçirilen boks agşamynda Powetkin 30 ýaşly garşydaşyny 12 raundda ýeňlişe sezewar etdi.

Ol 3 eminiň-de makullamagy netijesinde (120:108, 119:109, 120:107) karýerasyndaky 33-nji ýeňşini gazandy (23-si nokaut bilen).Bu onuň 34-nji tutluşygy bolup, ol häzire çenli bir duşuşykda ýeňildi. 38 ýaşyndaky boksçy diňe 2013-nji ýylda Wladimir Kliçkodan asgyn gelipdi. Şeýlelikde, Hammeri ýeňmeginden soň, Powetkin “WBO International” guşagyny gorady, şol birwagtyň özünde-de “WBA Inter-Continental” guşagyny gazandy.Galyberse-de, Powetkin bilen angliýaly boksçy Entoni Joşuanyň öňümizdäki tomusda Beýik Britaniýada tutluşyk geçirmegine garaşylýar.

Häzirki wagtda taraplar bu babatda ýokary derejede gepleşikler geçirýär.Eýýämden boks muşdaklarynda uly gyzyklanma döreden bu tutluşygyň geçirilip-geçirilmejekdigi öňümizdäki günlerde resmi ýagdaýda habar berler.

Ýene degişli makalalar

Joşua bilen Powetkiniň tutluşygy
Joşuanyň 21-nji ýeňşi,Powetkiniň 24-nji nokauty
Joşuanyň 21-nji nokauty
Ýykylan göreşden doýmaz
Olimpiýa çempiony Powetkin karýerasyny tamamlady
Powetkiniň 35-nji ýeňşi