PostShop mobil goşundysy: Türkmenistanyň ähli ýerine eltip berýän köpugurly dükan

PostShop mobil goşundysy: Türkmenistanyň ähli ýerine eltip berýän köpugurly dükan

PostShop mobil goşundysy müşderilere köpugurly onlaýn dükanda söwda etmegiň oňaýly görnüşini hödürleýär. PostShop goşundysy elektronikadan we hojalyk tehnikalaryndan başlap, oýunjaklara hem-de öý üçin niýetlenen enjamlara çenli harytlaryň giň assortimentine elýeterliligi üpjün edýär.

Goşundynyň esasy tapawutly aýratynlygy bolsa — öýden ýa-da ofisden çykmazdan, islendik gerek bolan zadyňy sargyt etmek mümkinçiligidir. Türkmenpoçta aragatnaşyk kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýändigi üçin PostShop harytlary Türkmenistanyň islendik nokadyna eltip berýär. Eltip bermegiň möhleti: Harytlar Aşgabat şäheriniň çägine we töweregine 24 sagadyň, welaýatlara bolsa — 3-5 günüň dowamynda ýetirilýär.

PostShop goşundysy töleg etmegiň çeýe usullaryny hödürleýär. Alyjylar eden söwdasynyň tölegini nagt ýa-da nagt däl hasaplaşyk görnüşinde geçirip bilýärler.

PostShop goşundysy — bu özünde giň assortimenti, tiz eltip berme hyzmatyny we oňaýly ulanyş aýratynlyklaryny birleşdiýän amatly söwdanyň döwrebap çözgüdidir.

Söwda etmegiň adaty görnüşiden peýdalanmak isleýänler üçin PostShop-yň adaty dükany Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: B.Annanow köçesi, 39A jaýy.

Mobil goşundysyny Google Play we App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Post Shop onlaýn dükany: Türkmenpoçta bilen eltip bermegiň amatly şertleri
PostShop dükanynyň müşderileri onlaýn we oflaýn görnüşde söwda edip bilerler
Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy
PostShop marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy
Türkmenpoçta çaparçylyk hyzmatynyň mümkinçiliklerini artdyrýar
Post Shop onlaýn söwdanyň artykmaçlyklary we 5 kilograma çenli harytlary mugt eltip bermek hyzmaty barada ýatladýar