PostShop dükanynyň müşderileri onlaýn we oflaýn görnüşde söwda edip bilerler

PostShop dükanynyň müşderileri onlaýn we oflaýn görnüşde söwda edip bilerler

PostShop — elektronika enjamlaryndan we hojalyk tehnikalaryndan başlap, egin-eşik, oýunjak we öý harytlaryna çenli ähli zerur zatlaryň bir ýere jemlenen dükanydyr.

Dürli dükanlardan harytlary gözlemäge wagt ýitirmek islemeýän bolsaňyz, shop.post.tm marketpleýsine girip, özüňize gerek bolan islendik zady sargyt ediň. PostShop internet dükany — bu önümleriň köpdürlüligi, ulanyjy üçin amatly interfeýs hem-de Türkmenistanda tiz eltip bermek hyzmatydyr.

Alyjynyň nirede ýerleşýändigine garamazdan, Türkmenpoçta gysga wagtyň dowamynda sargyt edilen zady eltip berer: sargytlar Aşgabat şäherine we onuň golaýyna — 24 sagatda, welaýatlara bolsa — 3-5 günüň dowamynda ýetirilýär.

Eger siz PostShop-yň giň haryt görnüşleri bilen tanşyp, onuň getirilmegine garaşmazdan derrew satyn almak isleseňiz, marketpleýsiň Aşgabatdaky şu salgyda ýerleşýän dükanyna baryp bilersiňiz: B.Annanow köçesi, 39 A jaýy.

PostShop oflaýn dükanynda hojalyk tehnikalaryny, kompýuter esbaplaryny, dynç alyş we syýahat üçin niýetlenen önümleri satyn alyp bilersiňiz. Dükanyň iş wagty: hepdäniň ähli günleri, sagat 9:00-dan — 20:00-a çenli.

Tölegi nagt ýa-da bank karty arkaly tölemek bolýar.

Harytlary sargyt etmek üçin telefon belgisi: (+993 65) 72 89 52.

Ýene degişli makalalar

PostShop mobil goşundysy: Türkmenistanyň ähli ýerine eltip berýän köpugurly dükan
Post Shop onlaýn dükany: Türkmenpoçta bilen eltip bermegiň amatly şertleri
Post Shop söwda platformasy 5 kilograma çenli harytlary mugt eltip bermek hyzmatyny girizýär
PostShop marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy
Türkmenpoçta çaparçylyk hyzmatynyň mümkinçiliklerini artdyrýar
Post Shop onlaýn söwdanyň artykmaçlyklary we 5 kilograma çenli harytlary mugt eltip bermek hyzmaty barada ýatladýar