Post Shop onlaýn dükany harytlaryň köp dürli görnüşlerini hödürleýär we Türkmenistanyň ähli künjegine eltip berýär

Post Shop onlaýn dükany harytlaryň köp dürli görnüşlerini hödürleýär we Türkmenistanyň ähli künjegine eltip berýär

Post Shop marketpleýsi onlaýn söwdanyň tapawutly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga hem-de saýtynda ýerleşdirilen hojalykda gündelik sarp edilýän harytlaryň giň görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

Post Shop onlaýn dükanyndan kiçi we uly göwrümli hojalyk tehnikalaryny, mekdep-ofis harytlaryny, balyk tutmak we aw awlamak üçin zerur bolan harytlary, gap-gaçlarydyr aşhana enjamlaryny, gurluşyk materiallaryny, elektron enjamlary, çaga harytlaryny, kosmetika we hojalyk himiýa serişdelerini, şeýle-de dürli görnüşli önümleri satyn alyp bolýar.

Post Shop marketpleýsiniň saýtynyň baş sahypasynda kiçi bölümçeler bilen birlikde, harytlar dürli ugurlara degişli görnüşde hödürlenýär.

Bu onlaýn dükandan söwda etmek üçin onuň saýtynda telefon belgiňi görkezmek arkaly hasaba alynmak zerurdyr. Satyn alnan harytlaryň tölegini hem nagt, bank karty arkaly ýa-da onlaýn töleg geçirmek esasynda töläp bolýar.

Harytlar Aşgabat şäheriniň çägine we onuň golaýyndaky ýerlere 24 sagadyň dowamynda eltilip berilýär. Şeýle-de satyn alnan harytlar 3-5 günüň dowamynda welaýatlara hem eltilip berilýär. Munda eltip berme hyzmaty Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Post Shop marketpleýsi web görnüşinde, şonuň ýaly-da Google Play internet dükanyndan ýükläp alyp bolýan mobil goşundy görnüşinde elýeterlidir.

Onlaýn dükanyň hünärmenleri bilen şu salgylar arkaly habarlaşmak bolýar: Aşgabat ş., Mäti Kösäýew köçesi, 16-njy jaý, Türkmenpoçta bölümi. Telefon belgisi: (+993 12) 92 14 95. Dükan her günde sagat 9:00-dan 19:00-a çenli, ýekşenbe güni bolsa 9:00-dan 16:00-a çenli işleýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Post Shop onlaýn dükany: Türkmenpoçta bilen eltip bermegiň amatly şertleri
PostShop marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy
PostShop mobil goşundysy: Türkmenistanyň ähli ýerine eltip berýän köpugurly dükan
Post Shop: önümleriň dürli görnüşleri we onlaýn söwda üçin amatly şertler
Post Shop söwda platformasy 5 kilograma çenli harytlary mugt eltip bermek hyzmatyny girizýär
Türkmenpoçta çaparçylyk hyzmatynyň mümkinçiliklerini artdyrýar
Post Shop onlaýn söwdanyň artykmaçlyklary we 5 kilograma çenli harytlary mugt eltip bermek hyzmaty barada ýatladýar