Post Shop: önümleriň dürli görnüşleri we onlaýn söwda üçin amatly şertler

Post Shop: önümleriň dürli görnüşleri we onlaýn söwda üçin amatly şertler

Post Shop onlaýn dükany halkyň sarp edýän harytlarynyň dürli görnüşlerini we onlaýn söwda üçin amatly şertleri hödürleýär.

Post Shop saýtynda dürli derejeli önümler, şol sanda kiçi we iri hojalyk tehnikalary, kanselýariýa harytlary, balykçylyk we awçylyk esbaplary, gap-gaçlar we aşhana harytlary, gurluşyk materiallary, elektron enjamlar, çagalar üçin önümleri, kosmetika we hojalyk üçin himiýa serişdeleri hödürlenýär.

Sargyt etmek üçin ykjam telefon belgiňizi girizip, saýtda hasaba alynmaly. Harytlar üçin töleg nagt görnüşinde, bank karty arkaly ýa-da onlaýn görnüşde amala aşyrylýar.

Harytlar Aşgabadyň içine we şäher etegine 24 sagadyň dowamynda, beýleki welaýatlara bolsa 3-5 günüň içinde eltilip berilýär.

Ýatlatsak, agramy 5 kilograma ýetmeýän harytlar mugt eltilýär.

Post Shop onlaýn dükanynda söwda etmegiň artykmaçlyklarynda iki usul arkaly peýdalanyp bilersiňiz: dükanyň saýty ýa-da adybir ykjam programmasy arkaly. Onlaýn dükan barada has giňişleýin maglumaty (+993 65) 72 89 52 telefon belgisine jaň edip alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

PostShop marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy
PostShop dükanynyň müşderileri onlaýn we oflaýn görnüşde söwda edip bilerler
PostShop mobil goşundysy: Türkmenistanyň ähli ýerine eltip berýän köpugurly dükan
NY Post: Tramp kazyýet çykdajylary sebäpli uçaryny satdy
ABŞ-da Muhammet Alynyň öýi satuwa çykaryldy
Ilon Mask Hytaýa bardy