Portugaliýadaky tokaý ýangynlary dowam edýär

Portugaliýadaky tokaý ýangynlary dowam edýär

Portugaliýanyň günortasynda Odemira şäherçesiniň golaýynda geçen hepdäniň şenbe güni başlan tokaý ýangynynda 6 müň 700 gektarlyk ýere zyýan ýetdi, 19 oba, 4 syýahatçylyk zolagy we 1 sany syýahatçylyk düşelgesi boşadyldy.

Ýangyna garşy göreş alyp barýan 800 ýangyn söndürijiniň 9-synyň ýaralanandygy habar berildi.

Odemira şäherçesiniň golaýyndaky ýangyn güýçli şemal sebäpli, syýahatçylyk zolaklarynyň biri bolan Algarweniň içine tarap ýaýrandygy aýan edildi.

Etrabyň häkimi Helder Guerreiro ýagdaýyň tankydydygyny, kyndygyny we bulaşykdygyny beýan etdi.

Ýurduň merkezinde ýüze çykan ýangynlar bolsa paýtagt Lissabon bilen Porto şäherleriniň arasyndaky ýoluň käbir bölekleriniň ýapylmagyna sebäp boldy.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýada Garrylar Öýünde Bolan Ýangynda 10 Adam Ýogaldy
Ýangynlary söndürmek üçin ykjam diň
Ukraina, Russiýa Garşy ABŞ-da Öndürlen Raketalary Ulandy
GAZ ENJAMLARYNDA ÝANGYN HOWPSUZLYK ÇÄRELERI
Filippinlerde bolan ýangynda takmynan 2 müň maşgala öýsüz galdy
Parižde abatlanan Notr-Dam baş ybadathanasy açyldy