“Portodan” taryhy kembek

Portugaliýanyň Super Kubogy duşuşygynda-da çempion “Sporting” topary bilen “Porto” duşuşdy. 7 goluň geçirilen duşuşygynda “Porto” topary garşydaşynyň 3-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, 4-3 hasabynda ýeňşini baýram etdi. “Sporting” topary ilkinji 25 minut dolmanka, Gonsalo (6, 9) we Kuandanyň (24) gollary bilen 3-0 öňe saýlandy. 28-nji minutda “Porto” topary Galenonyň goly bilen geçirden 3 golunyň biriniň öwezini doldy.

2-nji ýarymda 64-nji minutda Niko Gonzales aratapawudy 1 gola düşürse, Galen 66-njy minutda hasaby deňledi. Duşuşygyň esasy wagty 3-3 hasabynda deňlikde tamamlanyp, goşmaça wagtda, has takygy, 101-nji minutda Iwan Jaime Porto toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. 4-3 hasabynda ýeňiş gazanan Porto 24-nji gezek ýurduň Super Kubogyny gazanmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Şu gün Stambulda Çempionlar Ligasynyň toparçalarynyň bijeleri çekiler
“Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” bir toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri çekildi
Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 1-nji tapgyrynyň ikinji gününiň duşuşyklary geçirildi
UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji duşuşyklar: “Inter” “Barselona”, “Çelsi” “Milan”
10 ýyldan soň ýurduna dolandy
10 ýyldan soň ýurduna dolandy