“Porto” 7-nji, “Tottenham” 2-nji gezek çärýek finalda

Rimdäki oýunda 21 asgyn gelen “Porto” öz meýdançasynda “Romadan” goşmaça wagtda üstün çykyp, geçen ýylyň ýarym finalçysyny ýaryşdan çykardy. 26-njy minutda Soaresiň goly bilen öňe saýlanan ýer eýelerine 37-nji minutda penaltiden Daniele De Rossi jogap berdi. 5-nji minutda Mussa Marega şu möwsümdäki 5-nji goluny geçirip, toparyny öňe saýlady.

Duşuşygyň esasy wagtynda 1-nji oýundaky hasap gaýtalandy.Netijede, Çempionlar ligasynda 29-njy ýola bir duşuşyga goşmaça 30 minut berildi.Oýnuň 114-nji minutynda emin Jüneýt Çakyr VAR-yň maslahat bermeginden soň, “Romanyň” derwezesiniň alkymynda penalti urgusyny belledi.

Ony-da 117-nji minutda dürs ýerine ýetiren Aleks Telles “Portony” 7-nji gezek çärýek finala çykardy.Bu oýundan soň, “Romanyň” tälimçisi Eusebio Di Françesko wezipesinden boşadyldy.

Birinji oýunda 30 ýeňiş gazanan “Tottenham” myhmançylykda-da “Borussiýa Dortmundy” ýeňmegi başardy. 10 hasabynda ýeňiş gazanan iňlis klubunyň ýek-täk goluny 49-njy minutda Harri Keýn derwezä girizdi. Londonlylar 3-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda 8 ýyldan soň (2010/11 möwsümi), 2-nji gezek çärýek finala çykmagyň hötdesinden geldi.

Ýene degişli makalalar

“Porto” 7-nji, “Tottenham” 2-nji gezek çärýek finalda
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
“Tottenham” 57 ýyldan soň ýarym finalda
Ilkinji zenan emin
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
XXI asyryň iň gowy eminleri