Sentýabryň ahyrynda paýnamalary biržada ýerleşdirilip başlanan Porsche Ýewropanyň iň gymmat awtoulag kompaniýasy diýlip yglan edildi, bu barada Reuters habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.
Biržada ýerleşdirilenden soňra kompaniýanyň paýnamalary durnukly ösüş görkezip başlady, netijede, düýn — 6-njy oktýabrda kompaniýanyň umumy bahasy 85 milliard ýewro deň boldy.Kotirlenmeden soňra biraz peselendigine garamazdan, Porsche 84 mlrd ýewro nyrh bilen häzirki günde Ýewropanyň iň gymmat kompaniýasy bolmagynda galýar. Şeýle-de Volkswagen konserni 77,7, Mercedes-Benz 57,2, BMW 47,5 we Stellantis 39,7 milliard ýewro bahalanýar.