"Porsche” uçara meňzeş maşyn öndürer

"Porsche” uçara meňzeş maşyn öndürer

Porsche” we “Embraer” kompaniýalary “Embraer Phenom 300E” uçarynyň hem-de “Porsche 911 Turbo S” ulagynyň bir-birine meňzeş görnüşleriniň dizaýnyny taýýarlamagy maksat edinýär.Netijede, uçara meňzeş sport ulagy hem-de sport ulagyna meňzeş kiçi göwrümli uçar dörediler.

Olar hersinden 10 sanysy öndürilip, kümüşsöw reňkli bolar.Ulaglar “Brilliant Chrome” we “Speed Blue” atly dizaýn hem-de “Jet Grey Metallic” we “Platinum Silver Metallic” atly reňkler bilen bezeler. “911 Turbo S”-iň howa çekiji deşikleri “Phenom 300E”-niň hereketlendiriji oturdylan bölegine meňzediler. Şeýle hem maşynyň gapysynyň bosagasynda, uçaryň bolsa ganatynda “No Step” ýazgysy goýlar.

Ulaglaryň ikisiniň hem oturgyçlary hem gaty meňzeş edilipdir.Bu ulaglar satyn alan müşderiler ýörite pilot torbasy, “Porsche Design 1919 Globetimer UTC” titan sagat sowgat ediler.

Ýene degişli makalalar

Porsche kompaniýasy Taycan GTS awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy
Akkordeon ýaly telewizor
Porsche “Ulaglar” multfilminiň gahrymanynyň keşbinde awtomobil çykardy
Volkswagen ID.4 Ýylyň bütindünýä awtomobili bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Russiýada Porsche Macan T çykarylar
Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi
Ulaglar multfilminiň hormatyna çykarylan Porsche 911 adatdakysyndan 25 esse gymmat satyldy