Porsche Taycan elektrokary Ginnesiň rekordyny täzeledi

Porsche Taycan elektrokary Ginnesiň rekordyny täzeledi

Germaniýanyň Porsche kompaniýasy sport awtomobilleri segmentinde güýçli orun eýeleýär. Model Taycan Ginnesiň dünýä rekordyny goýdy, elektrokaryň akkumulýatory iki sagatdan gowrak wagtyň içinde zarýad alýar diýip, car.ru habar berýär.

Porsche Taycan sportkary Birleşen Ştatlaryň çägini geçmezden öň akkumulýatoryň doly zarýad almagy üçin iň az wagt sarp edýän elektrik ulagy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.Nýu-Ýork bilen Los-Anjelesiň arasyndaky ýol 4535 km barabar.

Bu aralygy geçmezden öň Porsche Taycan-yň akkumulýatory 2,26 sagadyň dowamynda zarýad aldy, bu hem rekord görkeziji diýlip kabul edildi. Öňki rekord eýesi Günorta koreýanyň Kia EV6 awtomobilidi.

Ol bellenilen aralygy üstünlikli geçdi, ýöne sürüşden öň batareýa 7,1 sagatlap zarýad aldy.Porsche Taycan-y tygşytly dolandyrmagyň ussady Ueýn Gerdes sürdi.Oňa teklip edilen elektrokary dolandyrmagyň usuly “gipermiling” diýlip atlandyryldy.

Bu sürüş wideo ýazgy edildi, şol bir wagtyň özünde awtoulagyň ýerdäki ýagdaýy ýörite GPS enjamynyň kömegi bilen goşmaça bellige alyndy.Zarýad bermek üçin Electrify America ulgamynyň stansiýalarynyň biri ulanyldy.

Ýene degişli makalalar

“Porsche” täze zarýad berijisini hödürledi
“Porsche”-niň giňeldilen elektrokary tanyşdyryldy
Porsche hytaý bazaryndan 1 müň 571 awtoulagyny yzyna alar
Tesla Model S Nýurburgringde Porsche Taycan-yň rekordyny täzeledi
Porsche kompaniýasy Taycan GTS awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy
Porsche 2030-njy ýyla çenli 80% elektromobilleri çykarmaga girişmegi meýilleşdirýär