Ýokary tizlikli awtoulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Porsche” kompaniýasy soňky ýyllarda elektroulaglary hem öndürýär.Kompaniýa “Taýcan” elektroulaglaryna zarýad bermäge niýetlenen, diwara berkidilýän zarýad berijini hödürledi.Gysga wagtda zarýad bermegi bilen tapawutlanýan bu enjamy öý şertlerinde oturdyp bolýar.
Täze enjamyň adaty zarýad berijilerden iki esse çalt işleýändigi mälim edildi.Onuň bahasynyň 1850 dollardygy habar berildi.Bu enjam arkaly elektroulaga 5 sagatdan gowrak wagtda doly zarýad berip bolýar.
“Taycan” elektroulagy 2020-nji ýylda öndürilipdi. Şondan soňra kompaniýa dürli ululykdaky, şol sanda “Cross” we “Sport Turismo” ýaly elektroulag modellerini taýýar etdi.
Gurbanmyrat Ahmedow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby