
Porsche kompaniýasy Red Bull-yň formula toparyndan ýarym paýyny alar. Kompaniýalaryň hyzmatdaşlygy bolsa on ýyla çenli uzaldylar. Muňa Carbuzz portalynyň salgylanýan resminamalary şaýatlyk edýär.
Kartel gepleşiklerine garşy göreşmegiň düzgünleri hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda resminama bermekligi diňe bir Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan talap etmek bilen çäklenmeýär.Neşiriň garamagyna Marokkodan bukja gelip gowuşdy.Taraplar hyzmatdaşdyklary barada resmi taýdan 4-nji awgustda yglan ederler.
Kagyzlarda azyndan on ýyl hyzmatdaşlyga gol çekilen.Porsche Red Bull-dan 50% paýyny alar.Red Bull-yň Formula-1-de işlemek boýunça aýratyn bölümçesi dörediler. Şonuň ýaly-da, Porsche brendiniň ady bolidlerde peýda bolar.
Porsche bilen birlikde Formula-1-e Audi hem çykar.Ulaglaryň iki kysymynyň hem bir konserne degişlidigine garamazdan, ýaryşda olar bäsdeş bolarlar.