Los Anjelesde geçirilen awtoulag sergisinde ilkinji gezek Porsche 718 Cayman GT4 RS Clubsport awtoulagy görkezildi. Bu barada motor.ru habar berdi.
Sport awtoulagy kuwwatlylygy, dinamiki aýratynlyklary we aerodinamikasy boýunça öňki wersiýasyndan has gowy tapawut edýär. Ol 911 GT3 Cup-yň 4.0 litrlik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy, netijede onuň kuwwaty 500 at güýjüne ýetdi.
Porsche täze dört litrlik alty silindrli hereketlendirijiniň ozalky 3,8 litrlik birliginden 18 göterim ýokarydygyny mälim etdi. Optimal goýberme ulgamynyň kömegi bilen enjam iň ýokary kuwwatyna minutda 8,300 aýlawda çykýar, bu bolsa öňküsinden 800 aýlaw ýokarydyr.
981 nesliň binýadynda döredilen Cayman GT4 Clubsport ýaryş awtoulagy ilkinji gezek 2016-njy ýylda peýda boldy we iki ýylda onuň 421 nusgasy satyldy. 2019-njy ýylda bolsa has şowly çykan 718 Cayman GT4 tanyşdyryldy, onuň satylan awtoulaglarynyň sany 500 birlige ýetdi.