“Porsche” kompaniýasynyň elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji CUV modeli “Taycan Cross Turismo” tanyşdyryldy. “Taycan” modelinden has giň bolan bu ulagyň 4 görnüşi bar.Dört tigri hem aýlanýan nusgada 93,4 kW/sagat kuwwaty bolan batareýa oturdylypdyr.
Ulag beýleki “Taycan” modelleri ýaly 800 woltluk ulgamda işleýär. “Porsche” sport awtoulag modelleriniň sanyny köpeltmegi maksat edinýär.Täze tanyşdyrylan ulag ýolsuz ýerler sürlende hem kuwwatly we çeýe hereketi bilen tapawutlanýar.
Ulagyň yz tarapynda ýolagçylar üçin has giň ýer göz öňünde tutulypdyr.Bagažynyň göwrüminiň 1200 litr bolmagy ulagyň köp maksatlar üçin ulanylmagyna mümkinçilik berer. 2019-njy ýylda dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyny çykaran nemes brendi awtoulagda elektrigiň geljeginiň uludygyna ynanýar.
Kompanýanyň ýolbaşçysy Oliwer Blum 2025-nji ýyla çenli ulaglarynyň 50 göteriminiň dolulygyna elektrikli ýa-da gibrid boljakdygyny mälim edýär.Kompaniýanyň geçen ýyl Ýewropada satan ulaglarynyň üçden biriniň elektrokardygy mälim edildi.
Täze tanyşdyrylan ulagyň dört nusgasy “Taycan 4 Cross Turismo”, “Taycan 4S Cross Turismo”, “Taycan Turbo Cross Turismo” we “Taycan Turbo S Cross Turismo” diýlip atlandyrylýar. “Taycan 4 Cross Turismo” 0-100 km/sagat tizlige 5,1 sekuntda ýetýär.
Maksimum tizligi 220 km/sagat bolan ulag bir gezeki zarýady bilen 389 – 456 km aralygynda ýol geçýär. “Taycan 4S Cross Turismo” 0-100 km/sagat tizlige 4,1 sekuntda ýetýär. Ýokary tizligi 240 km/sagat bolan ulag bir gezekki zarýady bilen 388 – 452 km aralygynda ýol geçýär. “Taycan Turbo Cross Turismo” bolsa, bir gezekki zarýady bilen 395 – 452 km aralygynda ýol geçip, 0-100 km/sagat tizlige 3,3 sekuntda ýetýär.
Ulagyň maksimum tizligi 250 km/sagat.Modeliň soňky nusgasy “Taycan Turbo S Cross Turismo” 0-100 km/sagat tizlige bary-ýogy 2,9 sekuntda ýetýär.Iň ýokary tizligi 250 km/sagat bolan ulag bir gezekki zarýady bilen 388 – 419 km aralygynda ýol geçýär. “Porsche” isleg bildirýän müşderileri üçin welosiped hem hödürleýär.
Kompaniýanyň öz önümi bolan “eBike Sport” we “eBike Cross” atly welosipedleri goýmak üçin ulagyň yzynda ýörite ýer göz öňünde tutulypdyr.Täze ulagyň iýun aýynda müşderilere ýetiriljekdigi mälim edildi.
The post “Porsche”-niň giňeldilen elektrokary tanyşdyryldy appeared first on Zaman Türkmenistan.