Porsche kompaniýasy Taycan GTS awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy

Porsche kompaniýasy Taycan GTS awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy

Nemesleriň meşhur awtoulag önümçilik kompaniýasy bolan Porsche Porsche Taycan GTS Hockenheimring Edition kysmynyň täze görnüşiniň ilkinji nusgasyny köpçülige tanyşdyrdy. Täze ulag Hokkenhaýmring ýaryş awtoýolynyň 90 ýyllygyna bagyşlanyldy.

Porsche Taycan GTS Hockenheimring Edition kysmynyň esasy hökmünde GTS görnüşiniň aýratynlyklary ulanylyp, onuň daşky we içki bezeglerine aýratyn ähmiýet berildi.Awtoulag ýörite niýetlenen Stone Grey çal reňkde bolup, 21 dýuýmlyk diskleri Mission E Design görnüşindedir, yzky diffuzor we Taycan ýazgysy Bronzite atly öwüşgin bilen ýazylan.

GTS Hockenheimring Edition ulagynyň içki salony gara deriden bolup, Island Green stilinde ýaşyl sapaklar bilen bezelen.Ulagyň içki birnäçe ýerinde 90 Jahre Hockenheimring diýen ýazgy bilen ýoluň şekili ýerleşdirilipdir. Şeýle-de ol açarlyga hem lazer bilen grawirlenipdir.

Elitethings.com saýtynyň habar bermegine görä, täze kysymly awtoulag görnüşiniň bahasy häzirlikçe nämälimligine galýar.

Hokkenhaýmring 1932-nji ýylyň 29-njy maýynda açylan gününden bäri, köp sanly ýaryşlaryň, şol sanda Formula-1 we NASCAR ýaly iri ýaryşlaryň geçirilýän ýeri bolup geldi. 2019-njy ýyldan bäri bolsa bu ýol Porsche Experience Center edarasynyň ýerleşýän ýerine öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

“Porsche”-niň giňeldilen elektrokary tanyşdyryldy
Porsche hytaý bazaryndan 1 müň 571 awtoulagyny yzyna alar
Tesla Model S Nýurburgringde Porsche Taycan-yň rekordyny täzeledi
“Porsche” täze zarýad berijisini hödürledi
Porsche Taycan elektrokary Ginnesiň rekordyny täzeledi
Porsche 2030-njy ýyla çenli 80% elektromobilleri çykarmaga girişmegi meýilleşdirýär