Porsche hytaý bazaryndan 1 müň 571 awtoulagyny yzyna alar

Porsche hytaý bazaryndan 1 müň 571 awtoulagyny yzyna alar

Volkswagen toparyna girýän german kompaniýasy bolan Porsche indiki aýda hytaý bazaryndan öz awtoulaglarynyň 1 müň 571-sini yzyna alar. Bu barada HHR-iň Bazary kadalaşdyrmak boýunça döwlet müdirliginiň habaryna salgylanyp, trend.az maglumat berýär.

Bu çäre 5-nji iýulda başlanyp, 2021-nji ýylyň 2-nji fewralyndan 11-nji maýy aralygynda goýberilip, Hytaýa eksport edilen Panamera we Taycan awtoulaglaryna degişli bolar.Awtoulaglaryň öňdäki asgyçlarynyň dikligine gidýän aşaky çarhy olary ulanmagyň tehniki talaplaryna gabat gelmeýär we adatdan daşary ýagdaýlarda işe ukyplylygyny ýitirip biler.

Munuň özi awtoulagy dolandyrmaga päsgelçilik bermek bilen, ýol heläkçiliginiň döremek howpuny ýokarlandyrýar.Sinhua agentligi Porsche (China) Motors Ltd-niň awtoulaglaryň zeper ýeten böleklerini mugt çalyşjakdygyny habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Porsche 2030-njy ýyla çenli 80% elektromobilleri çykarmaga girişmegi meýilleşdirýär
“Porsche”-niň giňeldilen elektrokary tanyşdyryldy
Porsche kompaniýasy Taycan GTS awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy
Porsche Taycan elektrokary Ginnesiň rekordyny täzeledi
Elektrikli Hyundai Ioniq 5 Germaniýada ýylyň awtoulagy boldy
“Porsche” täze zarýad berijisini hödürledi