Porsche 2030-njy ýyla çenli 80% elektromobilleri çykarmaga girişmegi meýilleşdirýär

Porsche 2030-njy ýyla çenli 80% elektromobilleri çykarmaga girişmegi meýilleşdirýär

Germaniýanyň Volkswagen Group kompaniýasyna degişli Porsche AG "lýuks" klasly awtoulaglaryň brendi 2030-njy ýyla çenli önümçiliginiň umumy göwrüminiň 80% -ni elektrohereketlendirijili awtoulaglary goýbermäge gönükdirmegi göz öňünde tutýar diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Owal Porsche bu görkezijä diňe bir elektromobiller däl, eýsem gibrid hereketlendirijili ulaglar hem girer diýip umyt baglaýardy.

Geçen ýylyň jemi boýunça häzirki wagtda Porsche-niň çykarýan ýeke-täk elektrokary bolan Taycan elektrowersiýasynyň satuwy 911 sport modeliniň satuwyndan ýokary boldy, bu bolsa öňegidişlige bil bagladýar. Şeýlelikde, 2021-nji ýylda elektriki konfigurasiýaly Taycanyň 41 296 sanysy ýerlendi, 911 modeliniň bolsa - 38 464 sanysy satyldy.

Bu iki model üçinem rekord görkezijidir.Netijede, satylan awtoulaglaryň umumy sanynyň 14%-i Taycanyň paýyna düşýär.Porsche Macanyň elektrik wersiýasyny 2023-nji ýylda, 718 modeliniňkini bolsa 2025 ýylda çykaryp başlamagy niýet edinýär. Şeýle hem 911-iň gibrid wersiýasyny çykarmak meýilleşdirilýär, ýöne Blum onuň haçan çykarylyp başlanjagyny takyk aýtmady.

Ýene degişli makalalar

“Porsche”-niň giňeldilen elektrokary tanyşdyryldy
“Porsche” täze zarýad berijisini hödürledi
Porsche Taycan elektrokary Ginnesiň rekordyny täzeledi
Elektrikli Hyundai Ioniq 5 Germaniýada ýylyň awtoulagy boldy
Tesla Model S Nýurburgringde Porsche Taycan-yň rekordyny täzeledi
Porsche hytaý bazaryndan 1 müň 571 awtoulagyny yzyna alar