15-nji noýabrdan başlap Italiýanyň iň meşhur ýerleriň biri bolan, gadymy Pompei şäheriniň ýadygärliklerini görmäge gelýänleriň sany her günde 20 müňe çenli çäklendiriler. Çünki Italiýanyň häkimiýetleri gadymy Rim şäherini syýahatçylaryň aşa köp gelmeginden goramagy maksat edinýär.
Pompei geçen tomusda rekord derejede 4 million myhmany kabul etdi.Dynç günlerinde myhmanlaryň sany günde 36 müň adamdan geçdi.Biz häzirki wagtda bu ýere gelýänleriň akymyny azaltmaga gönükdirilen çäreleri taýýarlaýarys. Çünki bu ýagdaý myhmanlaryň özlerine-de, özboluşly mirasa-da çynlakaý howp döredip biler diýip, arheologiýa seýilgähiniň başlygy Gabriel Suhtrigel belleýär.
Indi peteklerde gadymy Rim şäherine gelýänleriň doly atlary hem ýerleşdiriler. Şeýle-de her günde 20 müňden köp petek satylmaz.Mundan başga-da tomus möwsüminde wagtlaýyn arakesmeler ediler.Pompei Neapolyň golaýyndaky gadymy Rim şäheridir, ol biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynda Wezuwiýa wulkanynyň atylmagy netijesinde, wulkan külüniň aşagynda galýar.
Wulkanyň gatamagy netijesinde, bu ýerdäki hususy jaýlar, ybadathanalar, ussahanalar we hammamlar we olaryň ýüzündäki şekildir ýazgylar abat saklanyp galypdyr.Bu mekan Italiýanyň esasy gözel ýerleriniň biri bolup, dünýädäki iň gadymy şäherleriň biridir.
Bu sebitde häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen arheologik seýilgäh ýerleýär. /* custom css */ .td_uid_15_6731f3f98b927_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6731f3f98b927_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }