
Günota we Merkezi Amerikanyň günbatar kenarlaryndaky belent daglarda ösýän pomidor, Amerikanyň açylmagyndan soň 4 asyryň dowamynda bütin dünýä ýaýrap, iň köp ösdürilýän ösümliklerden birine öwrülýär.
Pomidor Ýewropa bezeg ösümligi hökmünde getirilýär.Gyzyl miweleriniň zäherlidigi çaklanylýandygy üçin 16-njy asyra çenli iýilmeýär.Osman aşhanasyna girmegi üçin bolsa ýene-de 2 asyr gerek bolýar.
Anadolyda pomidor hakyndaky maglumatlara köşküň 1723-nji ýyldaky çykdajy belliklerinde gabat gelinýär.Osman aşhanasyna alynan ilkinji pomidorlar çereşniýa görnüşli “çeri” pomidorlardyr.Ilki pereň almasy atlandyrylan we göklügine iýilen pomidor, reňki gyzarmazndan öň dolmasy, çorbasy we duzlamasy taýýarlanyp, saçaklary bezäpdir.
Reňki gyzarandan son zaýalanandyr öýdülip, zyňylypdyr.Gyzyl pomidor 19-njy asyrda giňden sarp edilmäge başlanypdyr.Pomidor birnäçe ýyl soň Osman aşhanasynyň esasy bakja önümlerinden birine öwrülýär.Osman köşkünde zyňylan gyzyl pomidorlary halk ýygnap, zaýalanandygyna ynanylan miwäni, ezip, duz bilen garypdyrlar.
Näderejede dogrudygy bilinmeýän hem bolsa, tomadyň şol usul bilen ýüze çykandygy aýdylýar.
1-nji Jahan urşundan soň Adanada we Frakiýada pomidor önümçiligi giňden ýaýbaňlanýar. Pomidor häzirki döwürde türk aşhanasynyň esasy önümlerinden biri we Türkiýe dünýäniň esasy pomidor öndüriji ýurtlaryndan biri.