1558-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Polşanyň poçta edarasy döredilýär. Şol wagtky ady Polýak Korollygy we Litwa beýik knýazlygy bolan ýurtda poçta hyzmatlary ilkibaşda täjirler tarapyndan amala aşyrylypdyr.
Bu ýurda täjirler Germaniýadan, soňky ýyllarda bolsa Italiýadan has köp barypdyr.Eýýäm XIV hem-de XV asyrlarda ýurduň iri şäheri bolan Krakow bilen nemes şäherleriniň arasynda tölegli poçta hyzmatlaryny ýerine ýetirýän habarçylar bolupdyr.
XV asyrlaryň ahyrynda belli nemes söwdagäri, esasan mis önümçiligi bilen meşgullanýan Fugger maşgalasy Krakowda hem birnäçe zawod gurýar.Poçta hyzmatlary bu bu zawodlar bilen Augsburgdaky merkezi edaranyň arasynda ýola goýulýar. Şol ýyllar poçta hyzmatlaryny amala aşyrýan başga-da hususy täjirler peýda bolýar. 1558-nji ýylda ýurduň patyşasy Krakowdan Wenesiýa şäherine çenli aralygy öz içine alýan poçta hyzmatyny ýola goýýar.
Gysga wagtdan Awstriýanyň, Wengriýanyň, Italiýanyň şäherlerine hem-de Warşawa Wilnýus ýaly ýurduň beýleki şäherlerine yzygiderli poçta hyzmaty ýola goýulýar. 1562-nji ýylda “Poczta Polska” (Polýak poçtasy) ady bilen has kämil hyzmatlar ýola goýlup başlanýar.
Bu edara esasy iki ugra bölünipdir italýan poçtasy hem-de litwa poçtasy.Italýan poçta işgäri her hepdäniň ahyrky güni Krakowdan ýola çykyp hepdäniň üçünji güni Wena, ondan bir hepdeden soňra Wenesiýa barypdyr. Şeýlelikde, Krakowdan Wenesiýa hat ýa-da başga bir zat 10 günde barypdyr.
Her hepdäniň çarşenbe güni bolsa poçtalýon Litwa tarap ýola düşüp, bir hepdeden Wilnýusa barypdyr.