Polşanyň Prezidenti Duda Russiýanyň Prezidenti Putini Gitlere meňzetdi

Polşanyň Prezidenti Duda Russiýanyň Prezidenti Putini Gitlere meňzetdi

Polşanyň Prezidenti Andžeý Duda, Bild gazedine beren beýannamasynda, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleriniň Putin bilen Ukrainadaky söweş baradaky gürrüňdeşliklerini berk ýagdaýda tankyt edip: "Häzirki wagtda Putin bilen geçirilýän ähli gepleşiklere haýran galýaryn.

Esasan hem Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan geçirilýän söhbetdeşlikler. Şol gürrüňleriň hiç zada peýdasy ýok.Diňe Putiniň edýänlerini kanunylaşdyrmaga sebäp döredýär.Russiýanyň goşuny Ukrainada eden jenaýatlaryndan jogapkärdir" diýip habar berdi.

Andžeý Duda: "II Jahan urşunda Adolf Gitler bilen şolar ýaly gürrüňdeş bolan bardymy? Gitleriň abraýyny dikeltmegini aýdýan ýa-da Gitleri kemsitmezlik üçin hereket etmegimiziň gerekdigini aýdýan? Men hiç wagt olar ýaly zat eşitmedim" diýip nygtady.

Duda Ukrainanyň goramagyň ähmiýetini belläp geçip: "Imperialist Russiýany duruzmak üçin ähli zat etmelidiris. Ukrainalylara mümkin bolan ähli görnüşde kömek bermelidiris. Iň uly umydymyz, rus imperializmiň Ukrainada dişleriniň döwülmegidir. Beýleki tarapdan bolsa bize hüjüm guramaga milt edip bilmez ýaly biz has hem güýçleneris" diýip aýtdy.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Russiýa-Ukraina söweşi tamamlanan mahaly diplomatik kanallardan çykyp bilmek üçin Russiýanyň kemsidilmeli däldigini beýan etdi.

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bolsa Fransiýanyň Prezidentiniň Günbatara Russiýany kemsitmezlik ruhy bilen hereket etmezlik baradaky çagyryşyna garşylyk görkezipdi.

Ýene degişli makalalar

Geýmerleriň Gitleri näçe gezek ýok edendigi hasaplandy
Özbegistanyň we Belarussiýanyň kinostudiýalary bilelikde iki film surata düşürmekçi
Adolf Gitler tarapyndan ulanylan gap-gaçlar rekord baha satyldy