Polşanyň Premýer ministri: "Putin Gitlerden has howply"

Polşanyň Premýer ministri: "Putin Gitlerden has howply"

Polşanyň Premýer ministri Mateuş Morawetskiý, Britaniýanyň "Daily Telegraph" gazedine beren beýanatynda, rus lider Putiniň elhenç ideologiýasy barada halkara jemgyýete çagyryş berdi.

Mateuş Morawetskiý: "Putin ne Gitler ne-de Stalin. Gynansagam ol has hem howply. Putin elinde köpçülikleýin gyryş ýaraglara eýe bolmak bilen çäklenmeýär, propogandasyny ýaýratmak üçin mediany öz gözegçiliginde saklaýar" diýip mälim etdi.

Wladimir Putiniň "Russkiý Mir" ideologiýasynyň bütin Ýewropa üçin uly bir howp emele getirýändigini aýdan Mateuş Morawetskiý, halkara jemgyýete tiz wagtda 24-nji fewraldan bäri Russiýanyň hüjüminiň astyndaky Ukrainany azat etmäge gönükmäge çagyrdy.

Polşanyň Premýer ministri Mateuş Morawetskiý, Ukrainanyň hyzmatdaşlaryny harby goldaw bermekden köp zat etmäge çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Azatlyk - türkmenleriň 'öz sesi' 70 ýaşady
Polşanyň Premýer ministri Putin bilen söhbetdeş bolan Makrony tankyt etdi
Beýik Watançylyk urşumy ýa-da stalinçileriň agyr jenaýatçylygy?
Halklaryň janyna howp abanmaýan bolsa, uruş jenaýatdyr
Özbegistanyň we Belarussiýanyň kinostudiýalary bilelikde iki film surata düşürmekçi
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý 9-njy Maý Ýeňiş baýramy bilen bagly ýüzlenme berdi