Polşanyň Premýer ministri Putin bilen söhbetdeş bolan Makrony tankyt etdi

Polşanyň Premýer ministri Putin bilen söhbetdeş bolan Makrony tankyt etdi

Polşanyň Premýer ministri Mateuş Moraweskiý, Ukrainanyň Buça şäherinde asuda ilatyň öldürilmeginden soň, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen söhbetdeş bolanlygy sebäpli Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrony berk ýagdaýda tankyt etdi.

Polşanyň Premýer ministri Mateuş Moraweskiý, Warşawada geçiren metbugat ýygnagynda, Günbatar döwletlerinden rus çeşmelerine garşy sanksiýalaryny we embargolaryny artdyrmagyny isläp, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron barada bolsa: "Hormatly Makron Putin bilen näçe gezek söhbetdeş bolduňyz, näme başardyňyz? Jenaýatçylar bilen söwdalaşyljyk bir ýagdaý ýok" diýip nygtady.

Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň ýeterlik derejede bolmandygyny aýdan Mateuş Moraweskiý, Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şolsa yza ädim etdiren zadyň hem nemes milliarderleriň sesi bolmagynyň mümkindigini beýan etdi.

Mateuş Moraweskiý: "Esasy eşitmegiňiz gerek zat öldürilen zenanlaryň we çagalaryň sesi bolmalydyr" diýip nygtady.

Britaniýanyň metbugatynda berilen habarlarda hem Mateuş Moraweskiý: "Jenaýatçylar bilen söwdalaşmaly däl, olara garşy söweşilmelidir. Hiç kim Gitler bilen söwdalaşmady. Gitler, Stalin, Pol Pot bilen söwdalaşarsyňyzmy?" diýip belläpdi.

Ýene degişli makalalar

Makron Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Pezeşkiýan Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
Szinpin maýyň birinji ýarymynda üç Ýewropa ýurduna sapar eder
HHR-iň Başlygy Si Szinpin Fransiýa döwlet saparyny amala aşyrdy
Sport ― bir demde 10 habar (21-nji maý)
Ukraina Meselesi Şweýsariýada Geçiriljek Maslahatda Ara Alnyp Maslahatlaşylar