Polşanyň karary

Polşa 2035-nji ýyldan başlap Ýewropa Bileleşiginde meýilleşdirilýän içinden otlanýan hereketlendirijileri bolan täze awtoulaglaryň hasaba alynmagyna girizilen gadagançylyga garşydygyny mälim etdi.Bu başlangyjyň çäginde Warşawa häzirki wagtda Italiýa we Çehiýa bilen bilelikde eýýäm tassyklanan düzgünlere täzeden garamagy maksat edinýän strategiýany işläp düzýär.

Bu, aýratyn möhüm, sebäbi Polşa ýanwar aýyndan başlap Ýewropa Geňeşiniň başlyklygyny öz üstüne alar.Bu ýagdaý bolsa, gün tertibine işjeň täsir etmäge mümkinçilik berer. Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomatynyň Brýusselde žurnalistler bilen duşuşygynda beren beýanatyna görä, üç ýurt hem umumy garaýşa eýerýär: bellenilen möhletde elektroulaglara doly geçişiň mümkin däldigini subut etmek üçin düzgünnamany gözden geçirmegi çaltlandyrmak.

Häzirki düzgünler gadagançylygyň 2026-njy ýylda gözden geçirilmelidigini göz öňünde tutýar, emma Polşa, Italiýa we Çehiýa bu proseduranyň indiki ýylyň başynda başlamagyna tagalla edýär.Diplomat esasy maksadyň häzirki ýagdaýda bu gadagançylygy ýerine ýetirip bolmajakdygyny subut etmekdigini aýtdy.

Ol bu düzgüniň Ýewropanyň awtoulag senagatyna çynlakaý zarba bolup biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.Gadagançylygyň täsirine we ykdysady netijelerine näçe ir baha berilse, düzgünleri yza süýşürmek ýa-da ýeňilleşdirmek barada ylalaşyga gelmek mümkin diýip, ol belledi.

Onuň sözlerine görä, şeýle baha bermegiň netijeleri Ýewropada awtoulag senagatynyň uzak möhletleýin strategiýasynyň esasy özeni bolup durýar. /* custom css */ .td_uid_15_676801758d950_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_676801758d950_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada habar berildi
Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada resminama gowşuryldy
Polşa öz çäginde türkmen konsullygynyň açylmagyna gyzyklanma bildirýär
Türkiyäniň Baş Ştabynyň başlygy NATO maslahatyna gatnaşdy
Ýewropadaky sil apatlarynda ýogalýan adamlaryň sany artýar
MONT TECH kompaniýasy VMware-iň GDA ýurtlaryndaky resmi distribýutory derejesini aldy