
Polşada Baltika deňiziniň kenarynda ýerleşýän Russiýanyň topragynyň bir bölegi bolan Kaliningrad serhediniň golaýynda "meteorologiýa howa şaryna" meňzeýän 3 sany näbelli jisim anyklandy.
Resmi Warşawa Kaliningrad serhedindäki Mazury köli sebitinde näbelli we meteorologiýa howa şaryna meňzeýän 3 sany jisim bilen bagly derňew işini başlatdy.
Üstünde Kiril elipbiýinde ýazylan ýazgylaryň anyklanandygy bellenip, hiç hili ýörite enjamyň birikdirilmändigi beýan edildi.
Ýurduň Goranmak ministri Wladislaw Kosinýak-Kamyş mesele bilen bagly sebitiň polisiýa gullugy tarapyndan maglumat berilendigini aýan etdi.
Jisimleriň meteorologiýa howa şarlarynyň bolup biljekdigini aýdan Wladislaw Kosinýak-Kamyş, meseläniň harby däl, eýsem raýat meselesi hökmünde ele alynjakdygyny mälim etdi.