Polşanyň wekili Iga Swýontek Maýamide Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň (WTA) turniriniň finalynda ýaponiýaly Naomi Osakadan üstün çykdy.
Duşuşyk 6:4, 6:0 hasap bilen turnirde saýlantgy topardaky ikinji belgili Swýontegiň peýdasyna tamamlandy.Polşaly tennisçi yzly-yzyna 17-nji oýny utdy we üçünji turnirde yzly-yzyna titul gazandy.
Owal Swýontek Dohadaky we Indian-Uellsdäki ýaryşlarda ýeňiş gazanypdy.Swýontek 20 ýaşynda, onuň WTA-nyň penakärliginde gazanan alty tituly bar, ol 2020-nji ýylda geçen Fransiýanyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi. 4-nji aprelde Swýontek dünýäniň birinji raketkasy bolar, sebäbi 23-nji martda dünýä reýtinginiň häzirki lideri we 2021-nji ýylda Maýamide geçen turniriň çempiony awstraliýaly Eşli Barti karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.
Osaka 24 ýaşynda, ol öň dünýäniň birinji raketkasy bolupdy.Häzirki wagtda ýapon gyzy WTA-nyň reýtinginde 77-nji setiri eýeleýär.Osakanyň hasabynda guramanyň penakärliginde gazanan ýedi tituly bar, ol Uly tuwalganyň dört turniriniň çempiony hasaplanýar.
Maýamidäki turnir WTA 1 000 kategoriýasyna degişli, onuň baýrak gaznasy 8,3 mln dollardan ybarat.