Polşadaky türkmen migrantlary iş saparlarynda aldawyň pidasy bolýar

Polşadaky türkmen migrantlary iş saparlarynda aldawyň pidasy bolýar

Polşada oturym alan onlarça türkmenistanly migrant, Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna işe ugradylyp, aýlyksyz galypdyr. Azatlyk Radiosyna ýüz tutan birnäçe migrant, ozleriniň üç aýdan köp wagtyň dowamynda çeken zähmeti üçin haklaryny alyp bilmän, Polşa dolanandygyny gürrüň berdi.

Türkmen raýatlarynyň Polşanyň özünde iş tapman, gazanjyň gözleginde Gündogar Ýewropa gidýän halatlary soňky döwürde köpelipdir. Polşadaky çeşmeleriň Azatlyga aýtmagyna görä, ykdysady kynçylyklar adamlary gazanç üçin dürli mümkinçilikleri gözlemäge mejbur edýär.

Migrantlaryň agyr ýagdaýyndan peýdalanýan käbir şirketler bolsa, olary işe ýerleşdirmek wadasy bilen başga ýurtlara ugradýar.

"Ýewropa Bileleşiginiň zähmet kanunlaryny bozup, iş saparlaryna ugradýarlar. Käbir ýagdaýlarda migrantlara gol çekdiren resminamalaryna salgylanyp, olaryň 'özleriniň razy bolanlygyny' aýdýarlar we aýlyk bermekden ýüz öwürýärler" diýip, adynyň tutulmagyny islemedik çeşme aýdýar.

Azatlygyň habarçysy şu ýagdaýy başdan geçiren Merdan (ady üýtgedilen) we Myrat (ady üýtgedilen) bilen söhbetdeş boldy. Olar iş tapmak umydy bilen Şwesiýa we Niderlandlara gidip, aýlyklaryny alyp bilmän gaýdandygyny gürrüň berdiler.

"Üç aýlap aýlyksyz işledik"Krakow şäherinde ýaşaýan Merdan Polşada oturym kartyny alandan soň, iş hödürleýän bir agentlik arkaly Şwesiýada üçek remont işlerini etmek üçin gitmäge razy bolupdyr.

“Meni üç aýlap işledip, soňra aýlyk bermezden goýberdiler. Polşa dolananymda adwokata ýüz tutdum. Emma adwokat resminamalaryma seredip, 'kanun taýdan hiç zady edip bilmersiň' diýdi” diýip, türkmenistanly gürrüň berdi.

Myrat bolsa Niderlandlaryň Eindhowen şäherine gün panellerini oturtmak işinde zähmet çekmek üçin gidipdir. Ol hem iki aýlap işläp, hakyny alyp bilmändir.

Kanuna ters gelýärÝewropa ýurtlarynyň kanunlaryna görä, başga ýurda iş saparyna üç aýdan köp wagtlap gitmek gadagan.

Polşada oturym karty bolan daşary ýurt raýatlaryna, şol sanda türkmenistanlylara, ÝB-niň degişli kanunlaryna laýyklykda, beýleki ÝB ýurtlaryna 180 günüň içinde diňe 90 güne çenli iş saparyna gitmäge rugsat berilýär.

90 günden artyk bolýan ýagdaýda bolsa, degişli ýurduň iş rugsady ýa-da ýaşamak rugsady talap edilýär.

Emma migrantlaryň aýtmagyna görä, käbir şirketler bu çäklendirmelerden bikanun resminamalar bilen aýlanyp geçýär.

“Şirket ähli resminamalary taýýarlady, hatda saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny hem barlagdan geçirmezden düzüp berdi. Men hem diňe resminamalara gol goýdum. Kagyzlaryň köpdügi we şwed hem-de polýak dilinde bolmagy sebäpli düşünmän gol çekdim” diýip, Merdan gürrüň berdi.

Türkmenistanlynyň aýtmagyna görä, onuň şertnamasynda Polşanyň iň pes aýlygy — 4666 zloty brutto görkezilen hem bolsa, şirket onuň zähmet hakyny “ýarym stawka” hökmünde görkezip, diňe 2333 zloty boýunça resminama düzýär. Şwesiýadaky iş üçin bolsa, “günlik 700 kron alarsyň, galan pul komandirowka hökmünde berler” diýip dilden aýdypdyrlar. Emma soňunda bu pul berilmändir.

“Şwesiýada meniň bilen bile işlän beýleki migrantlar hem aýlyk alyp bilmän ýördi. Komandirowka tölegi resminamalarda görkezilmändi. Şeýdip men 5400 ýewro çemesi pulumy alyp bilmän galdym” diýip, Merdan aýtdy.

Şeýle ýagdaýa düşen migrantlar kanun taýdan öz haklaryny goramakda kynçylyk çekýärler. Sebäbi resminamalarda olaryň ähli şertlere razy bolanlygy görkezilýär.

“Adwokat maňa, 'bu ýaly iş hödürleýän şirketler barlaglardan gaçmak üçin resminamalaryny ýygy-ýygydan täzeleýärler, sebäbi migrantlaryň hukuklaryny bozýandyklaryny özleri hem bilýärler' diýdi" - diýip, Merdan aýtdy.

Azatlyk Radiosyna ýüz tutan migrantlar şeýle ýagdaýa duçar bolan türkmen raýatlaryň köpdügini belleýärler.

Polşada galmak üçin resmi rugsat soran türkmen raýatlarynyň sany soňky birnäçe ýylda güýçli depginde artypdyr.

Ýewropa Bileleşiginiň resmi statistikasyna görä, Polşada hasaba alnan türkmen raýatlarynyň sany 2020-2023-nji ýyllar aralygynda 10 esse çemesi ýokarlanyp, üç ýylda 273 adamdan 2780 adama ýetipdir. Olaryň köpüsine ýurtda galmaga berlen rugsadyň iş bilen baglydygy aýdylýar. Polşada wizalaryň başga görnüşleri we bikanun ýagdaýda galýan türkmen raýatlaryň sany barada anyk maglumat ýok.

Polşa türkmen migrantlarynyň iň köp barýan ýewropa ýurtlarynyň üçlügine girýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Derňewler Moskwada türkmen pasportlarynyň galplaşdyrylmagyna ünsi çekýär
ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly atly ikinji Aşgabat maslahaty
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Geçen Ýyl 96 Ýurda Fystyk Eksport Edildi
NATO: "Polşanyň howa giňişligini goramak üçin Norwegiýa degişli 2 sany F-35 uçar asmana galdy" diýdi
Diňle: Polşadaky türkmen migrantlary iş saparlarynda aldawyň pidasy bolýar