15-nji oktýabrda Polşada geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerinden soň Polşadaky üç bileleşik hökümet gurmak hukugy üçin ýeterlik mukdarda ses aldy. Bu barada ýurduň döwlet telewideniýesi habar berdi. Parlamentiň agzalary dört ýyllyk möhlete saýlanýar. Ýurtda iki palataly parlament bolup, geçirilen saýlawda kanun çykaryjy aşaky palatanyň (Sejm) 460 hem-de ýokary palatanyň (Senato) 100 agzalaryna ses berildi.
Geçirilen saýlawda sekiz ýyldan bäri häkimiýet başyndaky Ýaroslaw Kaçinskiniň konserwatiw Kanun we adalat (PiS) partiýasy sesleriň 36,8%-ine (200 orun) eýe boldy, ýöne bu dolandyryjy köplügi döretmek üçin ýeterlik däl. Onuň koalisiýa hyzmatdaşy, milletçi ýewroskeptik “Konfederasiýa” partiýasy 6,2%-e (12 orun) eýe boldy, emma bu ýagdaýy üýtgetmez.
Öňki Premýer-ministr we Ýewropa Geňeşiniň öňki başlygy Donald Tuskuň iň uly raýat koalisiýasy sesleriň 31,6%-ini (163 orun), “Üçünji ýol” merkezi birleşigi 13% (55 orun), “Çep” 8,6% (30 orun) sese eýe boldy. Bu bilelikde parlamentde 248 orny eýelemäge mümkinçilik berýär.
Kaçinski öz gezeginde partiýasynyň gowşak netijesini ykrar edip, – Bu üstünligi häkimiýetdäki täze döwrümize gönükdirmek mümkinmi ýa-da ýokmy, entek bilemzok – diýdi.
Deslapky maglumatlara görä, saýlawlara gatnaşyk 1990-njy ýyllardan bäri iň ýokary dereje 72,9% boldy. 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda milli parlamente geçirilen soňky saýlawlarda bu görkeziji 61,74% bolupdy. 2015-nji ýylda saýlawlara polýaklaryň 50,9%-i gatnaşypdy. Berlen maglumata görä, ýurtda 29 million töweregi saýlawçy bar.