
Polşanyň Içeri işler ministri Mariuş Kaminski sosial mediadan beren beýanatynda, Polşanyň Içerki howpsuzlyk gullugynyň (ABW) polisiýa gullugy bilen bilelikde hereket edip, Wagner toparynyň propogandasyny etmekleri sebäpli 2 rus raýatyny göz tussaglygyna alandygyny habar berdi.
Ýurtda içerki howpsuzlygyň ähmiýetiniň üstünde durup geçen Kaminski: "Polisiýa bilen bilelikde hereket eden ABW gullugy Krakowda we Warşawada Wagner toparyna degişli materiallary paýlan 2 rus raýatyny anyklady we göz tussaglygyna aldy" diýip mälim etdi.
Ministr Kaminski şol 2 adamyň beýleki aksiýalary bilen bilelikde şeýle hem içalylyk bilen günäkärlenýändiklerini habar berdi.