Polşa, Ruminiýa we Litwa Ýer Titremesi Sebäpli Türkiýä Kömek Berer

Polşa, Ruminiýa we Litwa Ýer Titremesi Sebäpli Türkiýä Kömek Berer

Kahramanmaraşyň Pazarjyk etrabynda ir sagat 04.17-de bolan 7,7 bal ululygyndaky ýer titemesinden soň Polşa, Ruminiýa we Litwa Türkiýä kömek berer.

Polşanyň Içer işler ministri Kaminski, Twitterden beren habarnamasynda “Türkiýä kömek berilmegi üçin ýörite karar kabul edildi. Ýangyn söndürjiler şu gün Türkiýä gider” diýdi.

Kaminski, Polşadan 76 ýangyn söndüriji bilen 8 gözleg we halas ediş itiniň Türkiýä uradyljakdygyny belledi.

Ruminiýanyň hökümeti hem Türkiýä gözleg we halas ediş toparynyň ugradyljakdygyny mälim etdi.

Ruminiýanyň Prezidenti Klaýs Ýohannisiň tabşyrygy boýunça halas ediş we saglygy goraýyş toparynyň Türkiýä ugradyljakdygy bellenildi.

Litwanyň Daşary işler ministri Gabrielus Landsbergis hem ýer titremesine uly gynanç bildirýändigini mälim etdi.

Gabrielus Landsbergis “Biz Litwa hökmünde gözleg we halas ediş toparyny we ynsanperwer kömegini bermäge taýar” diýdi

Ýene degişli makalalar

Litwada rus oppozisionere hüjüm guraldy
Russiýanyň Belarussiýa ýadro ýarag ornaşdyrmak baradaky kararyna reaksiýa bildirilýär
Yzly-yzyna 4-nji çempionlygyny baýram etdi
Jemleýji bäsleşigiň ýeňijisine “Toyota Land Cruiser” ýeňil awtoulagy gowşuryldy
Deňizde öndürilen energiýa kenara getiriler
“Awatar: suwuň ugry” ähli babatda 1-nji kinodan öňe saýlanýar