Polşa öz çäginde türkmen konsullygynyň açylmagyna gyzyklanma bildirýär

Polşa öz çäginde türkmen konsullygynyň açylmagyna gyzyklanma bildirýär

Polşa Aşgabatdan Warşawada türkmen konsullygynyň açylmagyny soraýar diýip, hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 5-nji iýulda geçirilen hökümet mejlisinde aýtdy.

“Polýak tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Warşawada Türkmenistanyň konsullyk edarasyny ýa-da nokadyny açmak meselesiniň oňyn ýagdaýda çözülmegine gyzyklanma bildirdi” diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) Meredowyň sözlerini sitirledi.

Munuň bilen baglylykda, şu ýylyň soňky çärýeginde türkmen wekiliýetiniň polýak paýtagtyna sapar etmegine garaşylýar.

Polşanyň daşary işler ministrligine görä, 17-nji iýunda Warşawada türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirilip, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda maksatnama gol çekilipdir.

Türkmen metbugaty Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny aýdyp, hususan-da Ýewropa Bileleşigine agza bolan Gündogar Ýewropa ýurtlary, şol sanda Polşa, Wengriýa, Çehiýa, Rumyniýa we Slowakiýa bilen “ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny” habar berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Polşanyň çäginde wekilhanasy ýok, bu ýurda bellenilýän türkmen ilçisi Germaniýada oturýar. Şol bir wagtda, Polşanyň Türkmenistana belleýän ilçisi Azerbaýjanda oturýar.

Türkiýe respublikasynyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistan bilen arada wizasyz syýahat düzgünini ýatyrmagy bilen, şeýle-de, 2022-nji ýylda Russiýanyň Ukraina garşy girişen esassyz çozuşynyň arasynda Ukrainada ýaşaýan türkmenleriň Ýewropa ýurtlaryna aralaşmaga synanyşmagynyň fonunda, soňky ýyllarda iş, okuw gözleginde Polşa barýan türkmenistanlylaryň sany artdy.

Media maglumatlaryna görä, Polşa 2022-nji ýylyň dowamynda 2 müň 300-e golaý türkmen raýatyna iş wizasyny berdi. Şol ýylyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlary Polşadan iş wizasyny iň köp alan 15 ýurduň hataryna goşuldy.

Türkmenistanyň Polşada wekilhana açmagy bilen bagly habarlar Gündogar Ýewropa ýurdunda ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasynda umyt döretdi.

“Polşada esasan konsullyk kömegine mätäç köp sanly türkmen migrantlary, Türkmenistanyň raýatlary bar.Hususan-da, Polşada ýaşaýan türkmen migrantlary, konsullyk kömegine mätäç türkmen migrantlary Germaniýada, Berlinde ýerleşýän türkmen konsullygyna ýüz tutmaly bolýarlar.

Olar Warşawanyň, ýa-da Polşanyň özünde türkmen konsullygynyň açylmagyny Türkmenistanyň raýatlarynyň konsullyk hyzmatlaryndan peýdalanmaklary babatynda uly ýardam hökmünde, gowulygyň alamaty hökmünde kabul edýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň Polşadaky habarçysy Reýimberdi Gurbanow 9-njy iýulda habar berdi.

Ýöne şol bir wagtda bu ýurtda ýaşaýan türkmenistanlylaryň käbirleri daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynyň öz raýatlaryny gözegçilikde saklamak tejribelerine salgylanyp, Warşawada türkmen konsullygynyň açylmagy bilen bagly habarlara ätiýaçly çemeleşýärler.

“Soňky ýyllaryň dowamynda Polşanyň çäginde türkmenistanly migrantlaryň sany artdy, hususan-da dürli sebäplere görä, Polşanyň çäginde gaçybatalga, ýa-da halkara gorag statusyny soraýan türkmenleriň sany artdy. Diasporanyň arasynda bu Memorandum, ýa-da bu hyzmatdaşlyk howsala döredýär, gorky döredýär” diýip, Gurbanow aýtdy.

Polşanyň Daşary işler ministrligi 17-nji iýunda Warşawada iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026 ýyllar boýunça gol çekilen hyzmatdaşlyk resminamasynyň Türkmenistan bilen Polşanyň arasynda 2015-nji ýylda gol çekilen Düşünişmek ähtnamasynyň dowamy bolandygyny aýtdy.

Türkiýäniň Türkmenistan bilen arada wizasyz syýahat düzgünini ýatyrmagyndan soňra, hususan-da bu ýurtda ýaşaýan türkmenistanly işçi migrantlaryň arasynda özge döwletlerdäki zähmet mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmalary artdy. Şeýle-de, Russiýada soňky ýyllarda Merkezi Aziýadan bolan migrantlara garşy çemeleşmeleriň ýowuzlaşmagy-da bu ýurtda ýaşaýan merkezi aziýalylary başga çykalgalary gözlemäge iterdi.

Russiýanyň Ukraina garşy girişen çozuşy ukrain halky bilen bir hatarda bu ýurtda ýaşaýan türkmenistanlylaryň ençemesini hem Ýewropa ýurtlaryna çykmaga mejbur etdi.

Şeýlelikde, Polşada, san taýdan Türkiýe ýa-da Russiýa bilen deňeşdirilende o diýen köp bolmadyk, kiçeňräk bir türkmen diasporasy emele geldi.

“Gündogar Ýewropa döwletleriniň arasynda Polşa ykdysadyýeti boýunça ösüp barýan döwlet. Şonuň üçin, Polşa şu wagt işçi güýji gerek.Ondan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň sebäpsiz Ukrainanyň üstüne çozmagyndan soňra, Russiýanyň çäginde migrantlara garşy reýdler, migrantlara garşy basyşlar başlandy. Şol bir wagtda, Ýewropa Bileleşigi şu wagt Merkezi Aziýa bilen içgin hyzmatdaşlyk gurmaga çalyşýar. Şeýlelikde, türkmen migrantlary hem Polşanyň çäginde işläp başladylar” diýip, Gurbanow aýtdy.

Polşada ýaşaýan türkmenistanlylaryň ençemesine görä, türkmen konsullygynyň açylmagy, hem türkmen häkimiýetleriniň bu ýurtda ýaşaýan türkmenistanlylar bilen gatnaşygy saklamaklaryna, hem-de polýak häkimiýetleriniň öz ýurdunda ýaşaýan türkmenistanlylara gözegçiligi aňsatlaşdyrmagyna ýardam berer.

“Üstesine-de, türkmen häkimiýetleri üçin Polşa bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyk amatly bolup durýar.Ikinjiden, meniň pikirimçe, Türkmenistan Warşawada, ýa-da Polşanyň çäginde konsullyk açmak bilen, belli bir derejede [bu ýurtda ýaşaýan türkmenistanly] raýatlara gözegçiligi artdyrmagy hem mümkin.

Ukrainadan gelen türkmen migrantlarynyň bir bölegi Ýewropada şu wagt bikanun ýagdaýda ýaşaýarlar.Polşanyň häkimiýetleriniň, Türkmenistanyň konsullygynyň Warşawada açylmagy bilen, bu edaranyň türkmen migrantlarynyň resmileşdirilmegine ýardam berer diýip, umyt edýän bolmagy mümkin” diýip, Gurbanow aýtdy.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalary öz raýatlarynyň biometriki pasportlaryny resmileşdirip bilmeýär.

Türkmenistan bilen Polşanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi 2024-nji ýylda gatnaşyklary ýygjamlaşdyrdy.

Şu ýylyň başynda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas Aşgabada sapar edip, türkmen ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Fewralyň başynda türkmen metbugaty Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň maliýe institutlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigine ünsi çekdi. Şonda ýurduň daşary syýasat edarasy Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasynda çarçuwaly ylalaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny hasabat berdi. Resmi habarlarda aýdylmagyna görä, bu bank ÝB-niň Türkmenistanda durmuşa geçirjek taslamalaryny maliýeleşdirmäge ýardam berer.

Mart aýynda türkmen wekiliýeti ýewropa paýtagtlaryna, şol sanda Bileleşigiň paýtagty Brýussele sapar etdi, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Polşanyň karary
Prezident saýlawlaryna dalaşgär boldy
Ýewropadaky iň belent Täze ýyl arçalary belli edildi
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Polýak poçtasy döredilýär
Dünýä rekordyny goýýar
Real Atalantany 2:0 hasabynda ýeňip, UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi boldy