Polşa NATO Çagyryş Berdi

Polşa NATO Çagyryş Berdi

Polşanyň Goranmak ministri Wladislaw Kosinýak-Kamyş, Russiýa degişli uçarmansyz howa ulaglarynyň gurama agza ýurtlaryň howa giňişligine girmegine garşy NATO-nyň degişli gaýtawyly görkezmegi boýunça çagyryş berdi. PAP habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Kosinýak-Kamyş, ýekşenbe güni rus uçarmansyz howa ulaglarynyň NATO agza Ruminiýa bilen Latwiýanyň howa giňişligine girmeginiň ýagdaýyň diýseň ynjykdygyny görkezýändigine ünsi çekdi.

Kosinýak-Kamyş, NATO-nyň şuňa meňzeş wakalara bilelikde gaýtawul görkezmelidigini nygtady we meseläni ara alyp maslahatlaşýandyklaryny emma heniz netije alynmandygyny belledi.

Poşanyň Goranmak ministri Kosinýak-Kamyş ýurdunyň iň gowy goranyş ulgamlaryny satyp alyp özüni güýçlendirmelidigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
Orsýetiň Ukrainada urşy başlamagyna 3 ýyl boldy. Türkmenistanlylar näme pikirde?
NATO: "Polşanyň howa giňişligini goramak üçin Norwegiýa degişli 2 sany F-35 uçar asmana galdy" diýdi
Türkiyäniň Baş Ştabynyň başlygy NATO maslahatyna gatnaşdy
NATO Agza Ýurtlaryň Goranmak Ministrleri Belgiýada Jemlenşer
Türkmen diplomatlary Bitaraplyk syýasatyny üzňeligiň däl, açyk dialogyň guraly hökmünde wagyz edýär