Polşa Migrant Krizisi Sebäpli Russiýany Günäkärleýär

Polşa Migrant Krizisi Sebäpli Russiýany Günäkärleýär

Polşanyň Premýer-ministri Mateuş Moraweski, migrant krizisinde Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň, Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň görkezmelerini ýerine ýetirýändigini öňe sürdi.

Moraweski, Polşa-Belarus serhedinde başdan geçirilýän migrant krizisi sebäpli Polşanyň Mejlisinde adatdan daşary ýagdaýda geçirlen maslahatda eden çykyşynda Russiýany günäkärledi.

Moraweski, ýurdunyň howpsyzlygynyň we serhetleriniň soňky 30 ýylda ilkinji gezek şeýle uly hüjüme sezewar bolandygyny nygtady.

Russiýanyň imperatorlyk syýasatyny alyp barýandygyny nygtan premýer-ministr “Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, migrant krizisinde Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň görkezmelerini ýerine ýetirýär” diýdi.

Içeri işler ministri Kaminski hem Belarus serhedinde 4 müňe golaý migrantyň bardygyny belledi.

Ministr Kaminski “Russiýa, mirant krizisine meçew bermek bilen Gündogar we Merkezi Ýewropa ýurtlary bilen birlikde ÝB-ni durnuksyzlaşdyrmak isleýär. Lukaşenko bolsa ÝB-niň öz güýjüni kabul etmegini we sanksiýalaryň bes edilmegini maksat edinýär” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýa Bilen Hytaýyň Arasynda Uçar Krizisi…
Galla Krizisiniň Çözülmegi Üçin Aragatnaşyk Ulgamy Döredildi
“Halkara Azyk Krizisiniň Çözülmegi Üçin BMG, Ukraina we Russiýa Bilen Aragatnaşyk Saklaýarys”
Eýrandaky sil apatynda ekin meýdanlaryna zyýan ýetdi
Sanksiýalaryň Bes Edilmegi Bilen Azyk Krizisi Çözüler
Eýranda çöken bina sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy
Eýranda 5,5 bal ululygynda ýer titreme boldy