Polşa geçen ukrainalylaryň sany 14 million adamdan geçdi

Polşa geçen ukrainalylaryň sany 14 million adamdan geçdi

Ukrainadan Polşa geçen adamlaryň sany 1-nji awgusta çenli 14 million 182 müň adama ýetdi, Polşadan çykan ukrainalylaryň sany bolsa 12 million adamdan geçdi.

Polşanyň Serhet gullugynyň sosial media hasabyndan berilen maglumatda, Ukraina-Russiýa söweşiniň başlan gününden bäri ýurda giren we ýurtdan çykan ukrainalylaryň sanynyň üstünde durulyp geçildi.

Ýurda Ukrainadan diňe 1-nji awgust güni 30 müň 800 adamyň girendigi bellenip: "Uruşyň başlangyjyndan bäri Ukrainadan Polşa geçenleriň sany 14 million 182 müň adama ýetdi" diýip habar berildi.

Polşadan başga ýurtlara çykan ukrainalylaryň sany bolsa 12 million 399 müňe ýetendigi mälim edildi.

Polşaly resmiler tarapyndan berilen maglumata görä, ýurtda takmynan 2 million ukrainaly ýaşaýar.

Ýene degişli makalalar

Konstitusiýadaky kanundan başlap, doly gadagançylyga çenli. Dünýäde aborta bolan mümkinçilikde nämeler ýüze çykýar?
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Erdogan Polşanyň Mejlisiniň başlygyny kabul etdi
Salam, Dogan! Eneler bilen çagalaryň aýralygy uly alada’ döredýär
Awgust Aýynda Türkiýä 6 Million Syýahatçy Geldi
Türkmenistanyň we Polşanyň DIM-leriniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeler geçirildi
Dünýä rekordyny goýýar