Polşa, ABŞ-dan 250 Sany Tank Alar

Polşa, ABŞ-dan 250 Sany Tank Alar

Polşanyň Goranmak ministri Mariuş Blaşak ABŞ-dan 250 sany M1A2 Abrams tankyny satyn almak üçin şertnama baglaşandyklaryny habar berdi.

Ministr Blaşak, şertnamany ABŞ-nyň Polşadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mark Bezinskiý bilen baglaşandyklaryny belledi.

ABŞ-da öndürlen 250 sany M1A2 Abrams tankynyň satyn alynmagy üçin geçirlen şertnama gol çekişlik dabarasynda çykyş eden Polşanyň Goranmak ministri Mariuş Blaşak “Polşa bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklarda taryhy gün” diýip belledi.

Bu şertnama bilen Polşanyň harby goşunynyň has güýçlenjekdigine ünsi çeken Blaşak, “Gündogar serhedimizde nämeleriň başdan geçirilýändigini bilýäris. Polşanyň goşunynyň güýçlenmegi duşmanyň gurap biljek hüjümleriniň ýüz öwürdijiligi taýdan möhüm” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
“Bizi we Döwletimizi Goraýandygyňyz Üçin Size Sagbolsun Aýdýaryn”
Mariupolda Asuda Ilatdan 70 Adamyň Jesedi Tapyldy
Russiýa Harby Däl Gämileriň Çykyş Üçin Ynsanperwer Geçelge Açýar
Russiýa: "Azowstal metallurgiýa zawody boşadyldy" diýdi
Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Saklandy
Emmanuel Makron Bilen Wladimir Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi