Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Hünärim bar hormatym bar atly bäsleşik geçirildi

Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Hünärim bar  hormatym bar atly bäsleşik geçirildi

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalarynda we paýly gatnaşygyndaky paýdarlar jemgyýetlerinde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda Hünärim bar hormatym bar atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik bäş şert boýunça geçirildi:

Tanyşlyk;

Gadymdan gelýän el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek;

Hünär aýratynlygynda ýerine ýetirýän wezipesini mahabatlandyryp, iş pursatlaryndan sahna goýmak; Milli tagamlaryň biri bolan unaşyň saglyga peýdasy, taýýarlanyş aýratynlyklary barada gürrüň bermek we unaş kesmek;

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Çaý melhem hem ylham we Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly kitaplaryndan çaýlary taýýarlamak.

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenaragatnaşyk agentliginiň, Türkmentehnogurluşyk ÝGPJ-niň, Türkmen hemrasy ÝGPJ-niň emin agzalar topary ýerine ýetirlen çykyşlara baha berdiler we ýeňijileri yglan etdiler.

Bäsleşikde ýeňiji bolan gelin-gyzlara gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Ýakyn günlerde bäsleşikde ýeňiji bolan gelin-gyzlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunukasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary, Türkmenawtoulaglary, Türkmendeňizderýaýollary we Türkmendemirýollary agentlikleri tarapyndan geçiriljek bäsleşikleriň ýeňijileri bilen jemleýji tapgyrda çykyş ederler.

Ýene degişli makalalar

Aragatnaşykçy ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular
Türkmen we rumyn uniwersitetleri goşa diplom ulgamynyň mümkinçiligine garadylar
3D printerleriň önümçiligi 30 esse artar
Fransiýanyň täze Premýer-ministri
Ispaniýada koronawirusa garşy göreşmek üçin akylly äýnek döredildi
Daşary ýurt metbugatyna syn