Polisiýa we salgyt gulluklaryna ilata jerime töletmegiň tärini tapmak tabşyryldy

Polisiýa we salgyt gulluklaryna ilata jerime töletmegiň tärini tapmak tabşyryldy

Munuň bilen baglylykda, welaýatlarda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri ulag sürüjilerine anyk sebäbini düşündirmezden jerime ýazmaga başlady. Şeýle-de, Salgyt gullugynyň işgärlerine salgyt töleýjilere jerime salmagyň ugurlaryny tapmak boýunça görkezme berildi.

Bulara barada Azatlyk Radiosynyň ýygy-ýygydan welaýatlara sapar edýän aşgabatly habarçysy 14-nji dekabrda habar berdi. “Soňky geçirilen hökümet mejlisinden soň, regionlaryň ýolbaşçylaryna nädip hem bolsa welaýatlaryň býujetlerini doldurmak barada dilden görkezme berildi.

Olar (häkimiýetler red.) ilata dürli görnüşdäki jerimeleri salmakdan başga idili zat oýlap tapmadylar” diýip, habarçy belledi.Onuň sözlerine görä, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri welaýatlarda hiç hili sebäpsiz ulag sürüjilere jerime salyp başlady. “Salgyt gullugynyň işgärlerine-de ilata jerime töletmegiň tärlerini tapmak tabşyryldy” diýip, habarçy belledi. 4-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Berdimuhamedow 2019-njy ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujeti barada çykyş etdi, Durnuklaşdyryş gaznasynda köp mukdarda döwlet serişdeleriniň bardygyny belledi hem-de şeýle diýdi: “Ýöne yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmek zerurdyr” diýip, prezident býujet baradaky çykyşyna dowam etdi. “Yhlasly” we “netijeli” işlemek barada prezidentiň beren tabşyryklaryndan soň, Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysynyň belleýşi ýaly, regional býujeti “her edip, hesip edip” dolmak boýunça regionlaryň ýolbaşçylaryna dilden tabşyryk berildi.

Salgyt gullugynyň işgärlerine berlen tabşyryk barada gürrüňe dowam eden habarçymyz, olara şeýle görkezmäniň geçen ýyl hem berlendigini belledi. Ýatlasak, geçen ýylyň dowamynda Döwlet salgyt gullugynyň işgärleri Aşgabatda we welaýatlarda hususy önümçilik bilen meşgullanýan raýatlara we kärhanalara dürli jerimeleri salypdy.

Mysal üçin, Salgyt gullugynyň işgärleri 2017-nji ýylyň maý aýynda, Daşoguzda we Aşgabatda öz öýünde tölegli tikin-çatyn hyzmatlaryny hödürleýän raýatlardan ýörite rugsatnama talap edip, bu talaby berjaý etmediklere jerime saldy.

Geçen ýylyň maý aýynda polisiýanyň we salgyt gullugynyň işgärleri Aşgabatda köçe söwdgärlerine-de dürli jerimeleri töletdi. Şeýle-de maý aýynda Salgyt gullugynyň hem-de polisiýanyň işgärleriniň barlaglary sebäpli, Änewde we Aşgabatda hususy awtoýuwalgalar we hususy awtoserwisler ýapyldy.

Beýleki tarapdan, ýollarda hapa ulag sürýän sürüjilere jerimeleriň töledilmegine dowam edildi.Geçen ýylyň aprel aýynda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy Aşgabatda “köne ulag” sürýän sürüjilere-de jerime töletdi, Salgyt gullugynyň işgärleri Aşgabatda rugsatnamasyz spirtli içgi satýan dükan eýelerine jerime töletdi, paýtagtda bazar satyjylaryna “nyrh barlaglary” sebäpli jerimeler salyndy. Şu ýylyň başynda Aşgabatda salgyt gullugynyň işgärleri tölemeli salgydyny gijikdiren hususy firmalara 2013 2016-njy ýyllar aralygynda Pensiýa fonduna geçiren töleglerini gijikdirendiklerini aýdyp jerime saldylar. 2018-nji ýylyň awgust aýynda prezident Berdimuhamedow “welaýatda ýerli býujete salgytlary ýygnamagyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin” diýip, Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerine “käýinç” yglan etdi. “Geçen ýyl welaýatlara “nädip oňuşsaňyz şeýdip, oňşuň” diýildi.

Aşgabat welaýatlara pul bermek islemeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy 14-nji dekabrda gürrüň berdi.Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Býujet kodeksini 2014-nji ýylyň 1-nji martynda tassyklady.

Oňa laýyklykda, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 1996-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň býujet ulgamyny kadalaşdyrýan “Býujet sistemasy hakyndaky” kanun güýjüni ýitirýär. 2019 2021-nji ýyllar aralygynda döwürde döwletiň býujeti täze Kodeks esasynda işlenip düzülýär we tassyklanýar.

Täze kodekse laýyklykda, Türkmenistanyň býujet gurluşynyň düzümi Döwlet býujeti we Merkezleşdirilen býujet hem-de Ýerli býujetler görnüşinde ikä bölünýär. Ýerli býujete Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň we geňeşlikleriň býujetleri girýär. 1-nji dekabrda Türkmenistanyň Mejlisi 2019-njy ýyl üçin döwlet býujetini kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

Fitch Ratings Türkmenistana B+ durnukly derejesini berdi
08.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
23.01.2018 | Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
04.12.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi