Arhiw fotosy
Awgustyň aýagynda Aşgabatdan Türkmenistanyň regionlaryna güýç gurluşlary MHM, polisiýa, migrasiýa gullugy tarapyndan Ýapyk binalarda söweş sungaty boýyunça geçirilýän 5-nji Aziýa oýunlary mahalynda aýtaryn üns berilmeli adamlaryň sanawy gelip gowuşdy.
Sanawa ozal sud edilen, diýen etmez, arakhor, neşekeş hökmünde polisiýanyň sanawynda duran, şeýle-de psihiki-siňir hassalyklary sebäpli hasapda duran adamlar girýär.
Bulardan başga, sanawa ýörite gulluklaryň pikiriçe “ynam edip bolmaýanlar” aýry-aýry raýat aktiwistleri we olaryň garyndaşlary girizildi.
Uçastok polisiýalary sanawda görkezilen adamlaryň ählisine telefon edýär we olaryň polisiýa uçastoklaryna gelmeklerini talap edýär. Bu ýerde olaryň suratlaryny alýarlar we şeýle-de olary haýsydyr bir dokumente gol çekdirýärler.
Güýç gurluşlarynyň wekilleri birinji kategoriýadaky adamlar (jenaýatçylyga ýykgyn edýänler) babatynda beýle bir sypaýyçylyk edip durmaýarlar. Gulak asmadyk ýagdaýynda olaryň yzyndan polisiýa narýady iberilýär we ozalky talaplaryň üstesiune jerime-de salynýar.
Uçastok ofiserleri ynam edip edip bolmýan adamlar bilen sypaýyçylykly gürleşýärler we olaryň uçastok bölümine gelmegini soraýarlar (surata düşmek we dokumente gol çekmek üçin, elbetde).
Mundan ozal sud edilen adamlaryň sport çäreleriniň geçirilýän ýerlerine barmagynyň gadagan edilendigi habar berlipdi.