Polisiýa para bermekden ýüz öwüren Marynyň ýaşaýjysyna elinden alnan awtoulagyny gaýtardy

Polisiýa para bermekden ýüz öwüren Marynyň ýaşaýjysyna elinden alnan awtoulagyny gaýtardy

Mary şäheriniň ýaşaýjysy Süleýman Baýramgeldiew birnäçe aýlap polisiýa tarapyndan yzygiderli soraga çekilmek, ýenjilmek ýaly sütemlerden soň konfiskasiýa edilen awtoulagyny we telefonyny yzyna alyp bildi. Baýramgeldiýew birnäçe aý ozal hiç hili düzgün bozmazdan, ýol polisiýasy tarapyndan saklananda para tölemekden düýpden ýüz öwürensoň ýerli kanun goraýjyş edaralaryň yzygiderli basyşyna sezewar bolupdy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ahmet Rahmanow habar berýär.

Süleýman Baýramgeldiew 25-nji oktýabrda gije sagat 03: 00-da boşadyldy. Oňa konfiskasiýa edilen ulagy we telefony gaýtarylyp berildi, ýöne ol häkimiýet işgärlerine garşy hiç hili arzasynyň ýokdugy barada beýanat ýazmaga mejbur boldy.

Blogçy Farhad Durdiýew bu barada Azatlyga 27-nji oktýabrda şeýle gürrüň berdi: “Şol gije sagat üçde goýberdler, sagat döretde maşynyny, telefonuny gaýtaryp berdiler. Hatda welaýat prokuraturasam baryp, hiç hili [şikaýatynyň] bolmandygy hakynda şondan düşündiriş aldy. Mary welaýatynyň pogon dakýan kanun edaralary maňa şu sagatdan soň hiç hili basyş edenok’ diýip, düşündiriş ýazdyryp aldylar".

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň prokuraturasynyň özünden resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Süleýman Baýramgeldiewiň garyndaşlarynyň sözlerine görä, yzarlamalar tomusda, ol özüni saklan polisiýa işgärlerine para bermekden ýüz öwrüp, hak-hukuklaryny goramaga çalyşansoň başlanydyr. Şondan soň ol döwlet edaralary, şol sanda Milli Howpsuzlyk edaralaryň işgärleri tarapyndan yzarlamalara duçar bolupdyr.

Baýramgeldiewiň 24-nji oktýabrda nobatdaky tussaglygy barada wideo habaryny çap eden Farhad Durdiýewiň sözlerine görä

Süleýman Baýramgeldiýewiň üç aýyň dowamynda ençeme gezek öýünden ýa-da köçeden zor bilen alnyp gidilipdir we her gezek rehimsiz ýenjilipdir we iňňän agyr kemsitmelere, gynamalar sezewar edilipdir. Onuň saglygyna uly zyýan ýetirilipdir.

Blogçy Farhat Durdyew Baýramgeldiýewiň alnyp gaçylmagy we ýenjilmegi

baradaky wideonyň YouTube-da peýda bolmagyndan soň derrew çykarylandygyny belleýär: "Mary şäheriniň ýaşaýjysy Baýramgeldiýew Suleýman ýol gözegçilik polisiýasy saklanda, öz hukugyny talap edenligi we soralan parany bermändigi üçin, ony skalaýarlar. Üç aýlap her 15 günden ony ezýärler we telefonlaryny elinden alýarlar, maşyny konfiskasiýa edýärler.

Onsoňam onuň aýaly bize ýüz tutdy, bizem wideolaryny çap etdik.Görşüňiz ýaly, wideolar çap edilensoň şol güje sagat üçde ony çykarýarlar we sagat dörtde maşynyny, telefonlaryny berýärler.Indi gaýdyp oňa hiç zat diýip bilmeýärler, sebäbi öz hukugyny talap etdi, azatlygyny gazandy watandaşymyz".

YouTube wideosynda iki adam özlerine garşylyp görkezýän Baýramgeldiýewi itekläp, zor bilen ulaga sakjak bolýar. Bolup geçen zatlaryň hemmesi ýetip gelen dostunyň awtoulagyndaky kamerasyna ýazga alynypdyr.

Farhad Durdýewiň sözlerine görä, Süleýman Baýramgeldiew garyndaşlaryna jaň edip, ýagdaýy habar bermegi başarypdyr. Bir dosty ýanyna baranda, ony eýýäm polisiýa awtoulagyna ýüklemäge synanyşyk edilipdir. Dosty kömek etjek bolanda, Suleýmany tussag eden adamlar ony zor bilen galdyryp ulagyň içine atypdyr. Zor bilen tussag edilende, Süleýmanyň kellesine urlup, şikes ýetipdir.

Türkmenistanda häkimiýetleriň eden-etdiligi giňden ýaýran. Kanun goraýjy edaralaryň wekilleri ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanýarlar we açyk para alýarlar. Ilata berk gözegçilik, korrupsiýa, raýatlaryň kanuny hukuklarynyň we azatlyklarynyň gödek depelenmegi, häkimiýet gurluşlarynyň dürli derejelerindäki yzygiderli basyşlar zerarly raýatlar özlerini goramak üçin ýol görmeýärler.

Süleýman Baýramgeldiewiň ýagdaýy oňyn netije beren köp bolmadyk mysallaryň biridir. Dürli ýyllarda öz hukuklaryny talap eden türkmenistanlylaryň ençemesi tussag edildi we zor bilen ýitirim edildi, olaryň arasynda polisiýanyň eden-etdiligine garşy durmaga synanyşan Mansur Mingelow, studentleriň problemalaryna häkimiýetleriň ünsüni çekmäge synanyşan Ömruzak Omargulyýew, saglyk işgärleri baradaky bikanunçylyk we medisina ulgamyndaky korrupsiýa barada habar beren lukman Hursanaý Ismatulaýewa bar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aktiwistler Waşingtonda Aşgabady syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdylar
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (2-nji bölüm)
Mehmet Şimşek Katara we Kuweýde sapar gurar
Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň ýeňijileri Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary atly saz festiwalynda çykyş etdiler
Türkmenistanyň iň gowy sürüjisi kesgitlenildi