Polisiýa işgärleriniň söwda dükanlaryndan mugtuna haryt almagy bilen bagly wakalar gaýtalanýar

Polisiýa işgärleriniň söwda dükanlaryndan mugtuna haryt almagy bilen bagly wakalar gaýtalanýar

Lebap welaýatynyň Halaç, Dänew we Saýat etraplaryndan hem-de Türkmenabat şäherinden bolan birnäçe telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde ýerli polisiýa işgärleriniň öz söwda dükanlaryndan tölegsiz haryt almagy bilen bagly wakalaryň gaýtalanýandygyny aýdýarlar.

“Iki sany polisiýa işgäri dükana girip, üç kilogram banan, iki paket kofe, bir litr ýag we üç sany kolbasa alyp, tölegini tölemän çykyp gitdiler. Men olardan töleg soranymda bolsa, gaýtam, meniň üstüme haýbat atdylar” diýip, Türkmenabat şäherinden bolan bir telekeçi 5-nji aprel güni irden özüniň azyk dükanynda bolan bir wakany gürrüň berdi.

Ýerli dükan eýeleri şeýle wakalaryň ozaldan bäri gaýtalanýandygyny, ýöne soňky wagtlarda munuň has-da ýygjamlaşandygyny aýdýarlar.

“Polisiýa işgäri meniň atyr dükanyma girip, Dubaýdan getiren iň gymmat bahaly atyrlarymdan birini puluny tölemän alyp çykyp gitdi. Men ondan töleg soranymda wagty gelende hasaplaşarys’ diýip, çykyp gitdi” diýip, Halaç etrabyndan bolan bir dükan eýesi 3-nji aprelde bolup geçen beýleki bir waka barada gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli telekeçilere salgylanyp, Saýadyň etrap bazarynda ýerleşýän beýleki bir söwda dükanynda geçen hepdelerde bolup geçen birmeňzeş waka barada maglumat berýär.

Ýerli gassap ýaňy-ýakynda özüniň et dükanyndan polisiýa işgärleriniň, üç kilogram sygyr etini hem-de bir kilogram kolbasany mugtuna alyp gidendiklerini aýdýar.

Olar bu harytlaryň bahalaryny aýdyp, töleg soranlarynda bolsa, polisiýa işgärleriniň töleg tölemegiň deregine, özleriniň telekeçilerden şeýle ýagşylyga garaşýandyklaryny’ aýdyp jogap berýändiklerini aýdýarlar.

Dükan eýeleri şeýle eden-etdiligi özleriniň kabul edip bilmeýändiklerini aýdýarlar. Olar onsuz hem ýurtda ykdysady şertleriň ýaramaz galýandygyny, ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň yzygiderli peselýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Lebap welaýatynyň polisiýa bölümlerinden resmi teswir alyp bilmeýär.

Öňki wakalarŞuňa meňzeş hadysalar ýurtda ilkinji gezek habar berilmeýär. Azatlygyň habarçysy mundan ozal geçen ýylyň dekabr aýynda hem gündogar sebitde şeýle wakalaryň bolup geçendigini habar berdi.

Şonda türkmenabatly telekeçileriň birnäçesi polisiýa işgärleriniň öz dükanlaryndan tölegsiz haryt alýandyklaryny gürrüň beripdi.

Azatlygyň habarçysy şol sapar hukuk goraýjylaryň bir egin-eşik dükanyndan “Adidas” haryt nyşanly sport aýakgabyny, beýleki bir iýmit dükanyndan ýeralma, pyrtykal ýaly önümleri mugtuna alyp gidendiklerini habar beripdi. Iň uly söwdanyň umumy bahasy şol gezek 650 manada çenli çykypdy.

Bu baha Türkmenistanyň şertlerinde minimal aýlygyň tas ýarysyna golaý bolýar.

Ýurt raýatlary ençeme ýyllardan bäri ykdysady kynçylyklardan, bazarlarda bahalaryň aşa ýokarlanmagyndan ejir çekip gelýär.

Bu ýagdaý, hususan-da, pes girdejili hojalyklara agram salýar. Ýöne şeýle şertlerde söwda işlerini dowam etdirmäge çalyşýan telekeçiler ilatyň satyn alyş ukybynyň onsuz hem pese gaçýan şertlerinde hukuk goraýjy işgärleriň eden-etdilige ýol bermeginden şikaýat edýärler.

Olar bu ýagdaý barada özleriniň arkaýyn arz-şikaýat bildirip bilmeýändiklerini, şeýle wakalary gün tertibine getirmäge çalyşýan taraplaryň häkimiýetler tarapyndan gorkuzylýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, iň pes zähmet haky 1410 manat möçberinde bellenildi.

Şonda ýurt boýunça pensiýanyň iň pes möçberlerini kesgitlemegiň binýatlyk ululygy 550 manat, döwlet kömek pullaryny kesgitlemegiň binýatlyk ululygy bolsa, 520 manat möçberinde bellenipdi.

Polisiýa işgärleriniň zähmet haklarynyň möçberleri barada anyk maglumatlar elýeterli däl, ýöne mundan ozal harby we hukuk goraýjy edaralarda işgärleriň ýaramaz iş şertleri bilen baglylykda öz islegleri boýunça işden gitmäge çalyşýandyklary barasynda maglumatlar peýda bolupdy.

Azatlygyň habarçylary geçen ýylyň ýanwar aýynda Mary welaýatynda polisiýa işgärleriniň işden çykmaga ýykgyn etmegi, olaryň iş-eklenç gözleginde daşary ýurtlara ymtylmagy bilen bagly wakalaryň köpçülikleýin häsiýete eýe bolup barýandygyny habar berdiler.

Şondan biraz soňra, mart aýynda harby edaralarda hem şuňa meňzeş meýilleriň artýandygy mälim bolupdy.

Harby we hukuk goraýjy edaralar şeýle habarlar boýunça beýanat bermeýär.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem şeýle meseleleri gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda polisiýa işgärleri dükanlardan mugtuna haryt alýarlar
Balkan welaýatynyň býujet işgärleri pagta meýdanyna ugradylýar
Halkara guramalary Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmete garşy webinar geçirdi
Adidas Nike şereketini patentleriň düzgünini bozmakda aýyplap, kazyýete berdi
Amazon aýakgaplary wirtual ölçemek funksiýasyny girizýär
UEFA Çempionlar ligasynyň finalynyň topuny görkezdi